"Maru-şahu jahan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Mary welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçe, 35
Telefon belgileri: 7-01-01, 7-01-81, 7-02-03
Email: marushahujahan@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

N. Rahymowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, türkmen bedewleriniň syn-sypatyny kämilleşdirmekde, atçylyk pudagyny ösdürmekde hem-de at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem gazanan ýokary netijelerini we köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmetini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary Nuraly Rahymowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny dakmaly.

Aty sarpalanyň — döwleti zyýat

Halkymyzda bedew ata uly sarpa goýulýar. Türkmen halky geçmişde öz durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmändir. Kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan bedewler türkmeniň uçar ganaty hasaplanypdyr. Behişdi bedewler diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýere däldir. Ýyndam, owadan, eýesine wepaly, gaýduwsyz, gyz gylykly, ynsan kimin garaýyşly ahalteke bedewlerini türkmenler wepaly dost hasaplapdyrlar. Halkymyz gyz-gelinleri altyn-kümüş bezegler bilen bezeýşi ýaly, mukaddeslik derejesine ýetiren bedewlerini hem şaý-sepler bilen bezäp-besläpdirler. Taryha ser salanyňda uçar ganatly bedewler öz eýesini söweşlerde howp-hatardan gorapdyr. Toý gününde syrdaşy, gamly günde gardaşy bolan bedewler türkmen halkynyň gaýtalanmajak sungatydyr. Halkymyz şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr, ýurduň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurupdyr. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen bir gün ogullaryny ýanyna çagyryp: «Ogullarym, nesillere hemişe üç zady — Watany, ata-enäni we bedew atlary aýamagy sargyt ediň!» diýipdir.

Ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhraty milletimiziň buýsanjydyr

23-nji martda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Bedew batly öňe barýar Arkadagly Türkmenistan!” atly çäre geçirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary N. Rahymowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan döwlet sylagyny hem-de Şa serpaýyny gowşurmak dabarasy boldy.

Welaýatymyzda gowaça ekişine girişildi

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda welaýatymyzyň edermen pagtaçylary Gahryman Arkadagymyzyň berýän hemaýat goldawlaryndan, ýeňilliklerinden ruhlanyp, täze hasylyň düýbüni tutmak işine ýylyň başyndan tutanýerli girişdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 19-njy martynda geçirilen mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bolsa 31-nji martda bu möhüm çärä başlarlar.

Şanly ýylyň syýasy wakasy

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda jemgyýetimizde düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň kanunçylyk ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmek, şeýle hem halkyň bähbidini göz öňünde tutýan kanunçylyk namalarymyzy kämil derejelere ýetirmek maksady bilen milli Parlamentimizi iki palataly ulgama geçirmek göz öňünde tutuldy. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylyk etmeginde, geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde konstitusion özgertmeleriň jemi jemlenildi we “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi. Muňa laýyklykda, bilşimiz ýaly, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda Kanuny kabul edildi. Bu Kanun esasynda döwletimiziň kanun çykaryjy häkimiýeti bolan parlament “Milli Geňeş” diýlip atlandyryldy. Milli Geňeşiň ýokarky palatasy Halk Maslahaty, aşaky palata hem Mejlis diýlip atlandyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Milli Geňeş hakynda Kanunynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklary, saýlanylmagynyň tertibi, iş tertibi we olara bildirilýän talaplar bellenilen. Halk Maslahatynyň düzümine 56 agza saýlamak göz öňüne tutulýar, olaryň 8-isi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilip, 48 agzasy welaýatlardan we Aşgabat şäherinden saýlanylar. Halk Maslahatynyň agzalaryny hödürlemek hukugy welaýat, etrap, şäh

Taýýarlykly gelindi

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň gowaça ekişi möwsümi hem ýetip geldi. Bu möhüm çärä ähli obahojalyk zähmetsöýerleri bilen bilelikde welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň işgärleri hem ähli tarapdan taýýarlykly geldiler. Toprakdan bol hasyl almak üçin esasan ýokary hilli tohuma daýanylýar. Bu babatda welaýatymyzyň pagta arassalaýjy kärhanalarynda hasyl berijiligi ýokary bolan tohumlar taýýarlanylýar. Welaýatymyz boýunça pagta arassalaýjy kärhanalaryň 9-sy bolup, olarda işler utgaşykly alnyp barylýar. Pagtaçy kärendeçilerimiziň «ak altynyň» bereketli hasylyny almagy üçin olary ýokary hilli gowaça çigidi bilen üpjün etmek zerur bolup durýar. Muňa oňat düşünýän kärhanalaryň agzybir işgärleri bu ugurda sazlaşykly zähmet çekýärler.

Erkanalygyň baýramy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nesilden-nesle geçip gelýän milli baýramlarymyza aýratyn uly sarpa goýulýar. Olar halkymyzyň bolelin, bagtyýar ýaşaýan döwründe mynasyp dowam etdirilip, döwrebap öwüşginlere eýe bolýar. Her ýyl halkymyz uly dabara bilen Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi belläp geçýär. Türkmen halkynda Nowruz baýramyny bellemek dessury Oguz handan gözbaş alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň milli däp-dessurlarymyzy dikeltmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary netijesinde halkymyz Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda oňa ýokary derejeli taýýarlyk görýär. Älem-jahanyň janlanyp, owadan reňklere beslenen günlerinde täze arzuwlaryň, umytlaryň baýramy — Milli bahar baýramy uludan bellenip geçilýär. Bu baýramda toý saçaklary giňden ýazylyp, onda Nowruz tagamlary: türkmen çöregi, petir çörek, gowurdak, köje, mäşewe, palaw, semeni ýaly dürli tagamlar taýýarlanylýar.

Bagtyýar durmuş üçin

Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler uzak möhletleýin we köpugurly bolup, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan aýawly we rejeli peýdalanmak, täze, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak baradaky işler döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň ekologiýa we daşky gurşawy goramak baradaky dünýä ähmiýetli başlangyçlary we teklipleri halkara jemgyýetçiliginde seslenme tapyp, uly goldawa eýe bolýar. Şuňa laýyklykda ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine degişli maksatnamalaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu işler diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl-de, eýsem, sebitde we halkara derejesinde ekologiýanyň goralmagyna hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirlendir. Türkmenistanyň uzak möhletli ekologiýa syýasatynyň esasy ýörelgeleri we düzgünleri ýurdumyzyň kanunçylyk resminamalarynda anyk kesgitlenildi.

Agyz-burun örtüginiň peýdasy

Howadaky tozan bölejikleriniň mukdarynyň kadadan artmagy bilen baglanyşykly ýüze çykýan möwsümleýin ýiti respirator kesellerinden goranmak üçin sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmek maslahat berilýär. Howadaky tozan bölejikleriniň dem alyş ýollaryna düşmegi dem alyş ýollarynda, öýken öýjüklerinde olaryň çöküntgileriniň emele gelmegine getirip biler. Dem alyş ýollarynda dörän çöküntgiler bolsa, dem alyş ýollaryny daraldyp, öýken öýjüklerinde gyjyndyrma döredýär. Bu bolsa dowamly üsgülewük, gakylyk toplanmak ýaly nogsanlyklara getirip biler. Şol sebäpden, agyz-burun örtügini ulanmak dürli respirator ýokançlar bilen bir hatarda howanyň düzümindäki tozan bölejiklerinden hem goraýar. Özüňizi we töweregiňizdäki ýakynlaryňyzy dem alyş ýollary bilen geçip biläýjek ýokançlardan goramak üçin, agyz-burun örtügini kada laýyk ulanmalydyr. Bir gezek ulanylýan agyz- -burun örtükleri 2 sagatdan uzak wagtlap ulanylmaly däldir. Ulanylandan soň, polietilen halta ýerleşdirmeli we şondan çykarman, ýok edilmelidir. Agyz-burun örtügi çykarylmazyndan öň we soň hökmany elleri sabynlap ýuwmaly hem-de zyýansyzlandyrmaly. Agyz-burun örtügi bagjyklarynyň ýa-da gulaga dakylýan halkalarynyň yz tarapynyň aşagyndan tutup çykarylmalydyr.

Il saglygy - ýurt baýlygy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde adam saglygy ugrunda düýpli aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sagaldyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjüň edilýär. Saglyk ulgamlarynda zähmet çekýän lukmanlarymyz we şepagat uýalarymyz näsaglary güler ýüz bilen garşy alýarlar, olara doly we dogry bejergi berýärler. Mary şäherindäki iç keselleri hassahanasynyň saglygy dikeldiş bölüminiň tok bilen owkalaýyş otagynyň şepagat uýasy Gülsara Berdimyradowa 20 ýyldan bäri zähmet çekip, ýüz tutup gelýän näsaglary mähirli garşylap, olaryň alkyşlaryna mynasyp bolýar. G. Berdimyradowa S. A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebini tamamlap, bu hassahanada zähmet ýoluna başlady. Bu ýere gelýän näsaglar onuň hyzmatyndan hoşal bolýarlar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Zerur tagalla Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen döwrebap kanunlaryň kabul edilmeginde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu derwaýys işiň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň konstitusion gurluşyny kämilleşdirmek bilen sazlaşykly utgaşdyrylýandygy hemmämize äşgär hakykatdyr. Jemgyýetimiziň möhüm ulgamynda amala aşyrylýan tutumly işler milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň üstünliklere beslenmegine giň ýol açýar.

Sport syýasatynyň gadamlary

Yhlas ýeňşe ýetirýär Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine uly üns berilýär. Gahryman hem mähriban Prezidentimiziň öňe süren döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli başlangyjy ilkinji nobatda, halkymyzyň saglygynyň goralmagyna, jemgyýetimizde sagdynlygyň we ruhubelentligiň hemmeleriň hemrasy bolmagyna gönükdirilendir. Soňky ýyllaryň sepgitleri bu ýörelgäniň gowy netijelere ýetirýändigini äşgär edýär.

Üsti bedewiň

Münende şaý bolsa, tükel esbaby, Tagty-Süleýmandyr üsti bedewiň.

Halk hakydasyndan

ARPA-BUGDAÝ AŞ EKEN... Ir döwürde iki sany goňşy bolup, olaryň biri-hä ähli baýlygyna galla alyp, ury edip gömer eken. Beýlekisi bolsa diňe altyn-kümüş alyp, köpeldip, şoňa guwanar ýörer eken. Bir ýyl asmandan nem damman, gurakçylyk bolupdyr. Şonda galla ýygnanyň hiç zat piňine-de dälmiş.

Myhmansyz toý

Gadym zamanlarda hemişe işi şowuna bolýan bir ussat täjir bolupdyr. Ol söwda--satyk bilen meşgullanyp, tütjar baýa öwrülipdir, ýöne ol söwda kowalaşyp ýörşüne dost-ýarlarynyň, goňşudyr garyndaşlarynyň toýuna-ýasyna barmaýan eken. Özüniň söwda bilen başagaý bolup, hiç ýere barmaga wagty bolmansoň, ýakynlary toý tutsa öz sowgadyny iberip oňaýýar eken. Günlerde bir gün täjiriň köp ýyldan bäri garaşyp ýören ogul perzendi dünýä inýär. Täjir onuň şanyna giňden saçak açyp, ençeme bagşy-sazandany çagyryp, toýa başlaýar. Täjir toýuň üýtgeşik toý bolmagy üçin çykdaýjysyny gaýgyrmandyr. Ençeme aşpezleri, hyzmatkärleri toýa gelen myhmanlaryna hyzmat etmek üçin hakyna tutupdyr. Şeýlelikde, toý başlanypdyr.

Göçme

Çölde goýun üstüne täze gelen çolugyň ýeke özi motosikl bilen oba gidip gelmeli bolaýsa, çopanyň ýol sargydynda “Aňňatlyga düşeňde, göçmeden ägä bol! Göçmä duşsaň, ýoluňy ýitirersiň” diýen täsin sargyt bar. Çölde alaň ýaly beýik däl-de, 3-4 metr beýiklikdäki orak şekilli aňňatlar ýüzlerçe metre uzap gidýär. Hiç hili ösümlik gögermeýän bu çäge depeleri şemal nireden öwüsse şoňa görä ýerini, görnüşini, şekilini üýtgedip, göçüp, ýolagça azaşmak howpuny salýar. Bulutly günler ugur-utgaňy ýitirdýän aňňatlardan geçmeli bolaňda hem akyp ýatan çägede ulagyň batyp uly kynçylyk döreýär. Göçmeleriň çölde gara ýollary, demir ýollary çäge syradyp, gömmek howpy bar bolany üçin, gatnawly ýollaryň gyrasyna hyşadan, gamyşdan kesip-gyrkyp gözenek-gözenek edip, berkidýärler. Gumlular göçme depeleriň halanmaýandygy üçin häsiýeti durnuksyz, sähel zada birden-birden çakdan aşyberýän, durnuksyz adamlara-da “göçme” diýýärler.

Süýtli aş hikmeti

Ir döwürde bir ýolagçy ýabyň boýundaky ýodadan ýöräp gelýär ekeni. Bir obanyň gabadyndaky güzeriň boýuna ýetende, suwdan bir gara kelle çykyp adamzat dilinde: — Wagt boldy, Wahyt welin gelmedi — diýýär ekeni.

Ýyldyz senenamasy

Ýyldyzlary synlap, olaryň hereket edýän ugry, dogýan we ýaşýan wagtlary hem-de ýyldyz atlarynyň gelip çykyşlary bilen gyzyklanmaýan adam az bolsa gerek. Irki döwürde Türkmenistanyň çäginde çarwalar we daýhanlar, alymlar we bu ugurdan höwesekler Günüň hem-de Aýyň hereketinden başga, planetalara we has ýagty ýyldyzlara gözegçilik edipdirler. Olaryň ýyl içinde dogýan we ýaşýan wagty oba hojalyk işleri bilen sazlaşdyrylypdyr. Ol “Ýyldyz senenamasy” diýlip atlandyrylyp, türkmenlerde ýörgünli hasaplaryň biri bolupdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň ekologiýa maksatnamalarymyz nesilleriň abadançylygy hakyndaky aladadyr

20-nji martda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýazky bag ekmek dabarasyna badalga berildi. Bag nahallaryny ekmek boýunça ählihalk dabarasy tebigatyň janlanýan we gülleýän pursadyndaky sahawatyny, halkymyzyň mähriban toprak baradaky aladany esasy ugur edinýän ruhy gymmatlyklarymyza, ýagşy dessurlarymyza ygrarlylygyny alamatlandyrýan Milli bahar baýramyna bagyşlandy. Ir bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren “Garagum” myhmanhanasynyň ýanynda bag ekmek üçin ýörite taýýarlanan ýere geldi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E. Orazgeldiýewe söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak hem-de ekiş möwsüminiň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen, gowaça ekişine başlamaga görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.