Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

24 Mart 2021
788

N. Rahymowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň milli buýsanjy, gözelligiň ajaýyp nusgasy bolan behişdi bedewleriniň dünýädäki at-abraýyny has-da belende götermekde, olaryň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, türkmen bedewleriniň syn-sypatyny kämilleşdirmekde, atçylyk pudagyny ösdürmekde hem-de at çapmagyň we bedewleri seýislemegiň inçe tälimleriniň nusgalyk usullaryny ýaş nesle öwretmekde bitiren uly hyzmatlary üçin, şeýle hem gazanan ýokary netijelerini we köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmetini nazara alyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary Nuraly Rahymowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny dakmaly.

Beýleki habarlar