Tagalla edýäris

26 Mart 2021
880

Bagtyýarlyk döwrümizde ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Bu babatynda ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

Biz hem çagalar bagymyza gatnaýan körpe nesilleriň sagdyn bedenli, aň-düşünjeli bolup ýetişmekleri üçin ähli tagallalarymyzy edýäris. Biz körpeler bilen irki maşklary ýerine ýetirip, onuň adama peýdaly täsirleri barada gürrüň berýäris. Mundan başga hem arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmeklerini, ellerini sabynlap ýuwmagyny yzygiderli nygtaýarys. Şu günler howada tozan bölejikleriniň kadadan artýandygy sebäpli agyz-burun örtüklerini dakynmalydygyny aýdýarys.

Beýleki habarlar