Sagdyn bolmak özümizden başlanýar

26 Mart 2021
766

Ýakynda TDP-niň etrap komiteti, TKA-nyň etrap birleşmesi, TAP-nyň etrap komiteti, TMÝG-niň etrap geňeşi etrap bilim bölümi bilen bilelikde etrabymyzyň ähli edara-kärhanalarynda, orta mekdeplerinde zähmet çekýän işgärleriň arasynda “Saglyk başymyzyň täjidir” ady bilen wagyz-nesihat çäresini geçirdi. Çärede çykyp geplänler saglyk meselelerine garadylar. Kadaly iýmitlenmegiň adamyň saglygyny berkitmekde, beden sagatlygyny üpjün etmekdäki täsiri, her bir adamyň dogry iýmitlenip, saglygyny gorap saklamagyň, ilki bilen, onuň özüne baglydygy barada täsirli gürrüň edildi.

Häzirki döwürde dünýäniň çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna girýän Garaşsyz Türkmenistanda ýaşlaryň hak-hukuklary ygtybarly goralyp, mertebesi belent tutulýar. Olaryň ýaşaýyş derejesi we durmuş taýdan goraglylygy ýokarlandyrylýar.

Beýleki habarlar