Saldamly goşant goşýarys

9 Aprel 2021
1046

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny ösdürmek, ýokary girdejili pudaga öwürmek barada öwran-öwran nygtaýar. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda pagta hasylyny ýygnamaklyga ýaşlarymyz hem işjeň gatnaşyp, meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şu günler 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegine has-da ruhlanan etrabyň ekerançylary ýaz ekişini gyzgalaňly dowam etdirýärler.

Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada edýän bimöçber aladalaryna daşary ýurtlardan satyn alnyp berilýän dürli görnüşli tehnikalar hem şaýatlyk edýär. Bu tehnikalaryň gije-gündiz bökdençsiz işledilmeginde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň ýaş mehanizatorlary we sürüjüleri uly tagalla edýärler. Ekin meýdanlarynda ýaş kärendeçileriň, mehanizator we sürüji ýaşlaryň göwünlerini galkyndyrmak, işe bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen etrabyň jemgyýetçilik guramalary, esasanam, TMÝG-niň etrap geňeşi TAP-nyň etrap komiteti bilen bilelikde degerli işleri geçirýärler.

Beýleki habarlar