Sagdyn durmuş ýörelgesine eýereliň!

5 Aprel 2021
954

Bagtyýarlyk döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda „«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýilýänine eýerilip, ynsan saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda ýurdumyzda birnäçe hassahanalar, saglyk öýleri, şypahanalar hereket edýär. Olarda her bir adam ak ýektaýly lukmanlaryň maslahatlary esasynda bejergi alyp saglygyny berkidýär.

Lukmanlar saglygymyzy goramagyň öz elimizdedigini aýdyp, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidigimizi yzygiderli nygtaýarlar. Olar her gün irden beden maşklarynyň ýerine ýetirilmeginiň gan aýlanyşygymyzyň gowulanmagyna, şähdimiziň açyk bolup, özümizi ýeňil duýmagymyza oňaýly täsirini ýetirýändigini aýdýarlar. Şeýle hem kadaly iýmitlenmegiň, gündelik iýmitimizde witaminlere baý bolan gök önümleri kabul etmegiň, ukyny ýeterlik almagyň saglygymyz üçin peýdalydygyny belleýärler.

Beýleki habarlar