Şatlyk-şowhuna beslenýär

5 Aprel 2021
1024

7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Bu gün Bütindünýä saglyk guramasynyň tertipnamasy güýje girizilip, onda ilkinji gezek halkara derejesinde adamyň saglyga bolan hukugy yglan edildi. Şeýlelikde, saglyk gününi her ýyl bellemek 1950-nji ýyldan bäri däbe öwrüldi.

Bu sene Garaşsyz döwletimizde-de giňden bellenilip, welosipedli ýörişler, sport ýaryşlary, köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. “Saglygym — baş baýlygym” diýen ýörelgeden ugur alýan il-günümiz Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýar. Saglyk gününiň şowhunly çäreleri halkymyza ruhubelentlik paýlaýar. TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň işgärleridir işjeň agzalaram şu sene mynasybetli medeni-sport çärelerini guramaçylykly geçirýärler. Olaryň wagyz-nesihat häsiýetli işler bilen utgaşdyrylmagy halkymyza sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýar bolmagyna ýardam edýär.

Beýleki habarlar