Oba adamlary hoşal

5 Aprel 2021
1019

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy giň gerime eýe bolýar. Munuň özi halkymyzyň saglygyny gowulandyrmak barada edilýän tutumly işleriň mysalydyr. Ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, şäherdir obalarynda gurlup, ulanylmaga berilýän hassahanalar, dermanhanalar, oba saglyk merkezleri hem barha artýar.

Şeýle oba saglyk merkezleriniň biri hem 2013-nji ýylda Tagtabazar etrap hassahanasynyň Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgat berlen Düldülahyr oba saglyk merkezidir. Bu oba saglyk merkezine Ahmet Tüňňiýew ýolbaşçylyk edýär. Bu ýerde iki sany oba saglyk maşgala meýdançasy bolup, 1-nji maşgala meýdançasyna maşgala lukmany Wepamyrat Agajanow, maşgala şepagat uýasy Senem Söýegowa, 2-nji maşgala meýdançasyna Ahmet Tüňňiýew, maşgala şepagat uýasy Nurgözel Ýagmyrowa hyzmat edýärler.

Beýleki habarlar