Kesbinden kemal tapan

5 Aprel 2021
838

Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň saglygyny goramaga uly üns berýär. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy netijesinde her ýylda döwrebap enjamlaşdyrylyp, dünýä ülňülerine gabat gelýän saglyk merkezleriniň, hassahanalaryň onlarçasy gurlup, ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny dikeltmäge we berkitmäge niýetlenen ýokary hilli şypahanalar, sport desgalary hereket edýär. Şäher merkezlerinde we oba ýerlerinde saglyk öýleri halkymyza gije-gündiz hyzmat edýär. Şol saglyk öýlerinde tejribeli lukmanlar, şepagat uýalary zähmet çekýärler. Şeýle saglyk öýleriniň biri-de etrabymyzyň Gökdepe geňeşliginde ýerleşýär. Bu ýerde biregne kyrk ýyla golaý tejribeli lukman Allaýar Bäşimow maşgala lukmany bolup, zähmet çekip gelýär. Lukman hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerinden ugur alyp, her bir raýatyň saglygy ugrunda ýadawsyz alada edýär. Ýüz tutup gelýän raýatlary güler ýüz bilen kabul edip, degerli bejergilerini we maslahatlaryny berýär. Lukmana oba raýatlarynyň alkyşlarynyň yzy üzülmeýär. Her bir adamdan lukman barada öwgüli sözleri eşitmek bolýar. Şeýlelikde, il içinde mertebesiniň neneňsi belentligine göz ýetirýärsiň.

— Hormatly Arkadagymyz biz — lukmanlara halypa hem görelde mekdebi bolup dur. Hemişe Arkadagymyzyň lukmançylyk tejribesinden nusga alyp, kärimizi söýüp, yhlasymyzy siňdirip zähmet çekýäris — diýip, Allaýar Bäşimow uly buýsanç bilen aýdýar.

Beýleki habarlar