Iň arassa şäher, etrap, şäherçe, oba

2 Aprel 2021
934

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ähli taraplaýyn ösüşlere eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan özgertmeleriniň, Maksatnamalarynyň netijesinde ýurdumyz jenneti mekana, raýatlaryň asuda, bagtyýar durmuşda ýaşaýan ýurduna öwrülýär. Adamlaryň rahat durmuşda ýaşamaklary üçin ähli amatlyklary bolan nusgalyk şäherçeler, döwrebap obalar, ýaşaýyş jaýlary, saglyk, bejeriş we dikeldiş merkezleri, medeniýetli dynç almaklary üçin medeniýet merkezleri, seýilgähler, söwda, suw çüwdürimleri gurlup, ulanylmaga berilýär.

Ýurdumyzyň ähli künjekleri bilen bir hatarda, biziň welaýatymyzyň şäherleridir obalary günsaýyn gözelleşýär, bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrülýär. Bu geçirilýän işler bagtyýar raýatlarymyzyň eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza buýsançlaryny artdyrýar. 2021-nji ýyl Arkadag Prezidentimiziň teklibi bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Bu ýyl bagtyýar türkmen halkymyz üçin aýratyn buýsandyryjy ýyllaryň biri. Çünki, bu ýyl Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýar. Ýurdumyzyň ähli ilaty bu şanly senäni uly üstünliklere beslemek üçin taýýarlyk görýär.

Beýleki habarlar