Wirtual sergilere gyzyklanma artýar

16 Dekabr 2021
1256

Häzirki döwürde dünýäde wirtual sergilere, muzeýlere, onlaýn boýunça geçirilýän forumlardyr beýleki çärelere gyzyklanma barha artýar. Ýurdumyzda bu ugurda gazanylanlar halk hojalygynyň dürli ugurlarynda täze tehnologiýalary ulanmak arkaly, 3D görnüşde giňden wagyz etmäge mümkinçilik berýär. Golaýda hemişelik Bitaraplygymyza we ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan «Baky Bitarap Türkmenistan» atly halkara wirtual sergi öz işine başlady. Sergide baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan gününden bäri ýurdumyzyň ykdysady ösüşde ýeten derejesi hem-de onuň eksport mümkinçilikleriniň artdyrylyşy, önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy we halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilişi barada giňişleýin maglumat berilýär.

Wirtual sergide maglumatlaryň türkmen, rus we iňlis dillerinde berilmegi onuň halkara ähmiýetini artdyrýar. Oňa internet arkaly baglananlar meýilnama boýunça islän ugruny saýlap, berilýän maglumatlar, wideogörnüşler, habarlaşmak üçin salgylar bilen tanşyp bilýärler.

Amansoltan ŞIRIÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar