"Türkmenistan" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-88, 39-95-06, 39-95-67
Email: turkmenistan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanda ýaşlar üçin halypalyk onlaýn meýdançasy açyldy

Türkmenistandaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy “Ýaşlara halypalyk” atly onlaýn meýdançasyny döretdi. Ýaponiýanyň Hökümetiniň maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýän bu başlangyç tejribeli hünärmenlerden peýdaly bilimleri we endikleri almaga mümkinçilik berer. Bilermenlerden tälim almaklary olara pikirleriň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegi we hünär we şahsy ösüş ugrundaky maksatlara ýetmek üçin güýçli itergi berer. Gysgaça aýdylanda, ýaş nesle üstünlik ýolunda kömek etmek üçin meýdança döredildi.

Türkmenistanda “E-mekdep” bitewi elektron meýdança işe girizildi

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkezi Türkmenistanda bilimiň sanlylaşdyrylmagyna möhüm goşant goşan mugallymlar, ene-atalar we mekdep okuwçylary üçin «E-mekdep», bitewi elektron meýdançany işe girizdi. Elektron ulgam ene-atalara çagalarynyň okuwa gatnaşygyna netijeli gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär, olaryň gatnaşygy we ýetişigi, synpda öwrenilýän temalar, öý işleri, mugallymlaryň bellikleri, ol ýa-da beýleki derslere höwesi barada edil şol wagtda maglumat almaga mümkinçilik berýär. Maglumat islendik wagt, işde ýa-da öýde onlaýn bolsun, sms ýa-da «E-mekdep» ykjam goşundy arkaly sanly habar görnüşinde elýeterlidir.

Öý bikeleriniň ynamdar kömekçisi

2000-nji ýylyň başyndan bäri «Electrolux Trilobite», «Roomba», «Samsung NaviBot», «Xiaomi», «Okami» we şuňa meňzeş kompaniýalar tarapyndan öý işlerini ýeňilleşdirmek maksady bilen, tozan sorujy robotlar öndürilýär. Tozan sorujy robotlar otaglary adam gatyşmazdan, awtomatiki usulda arassalamak üçin döredilen enjamdyr. Ol tigir hereketlendirijileri, nawigasiýa datçikleri we dolandyryş mikrokontroly bilen enjamlaşdyrylyp, garaşsyz hereket etmäge we öz-özüni ugrukdyrmaga ukyply.

«maslahat.gov.tm» — döwrebap web sahypa

Häzirki wagtda milli ykdysadyýeti yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, onuň netijeliligini ýokarlandyrmagyň möhüm şerti hökmünde ähli pudaklara sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy örän buýsandyryjydyr. Şonuň netijesinde her bir ulgamyň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň öz web saýtlary döredildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň «maslahat.gov.tm» web saýty hem şeýle döwrebap çözgütleriň biridir. «Maslahat.gov.tm» web saýty «Baş sahypa», «Habarlar», «Kanunlar» we «Arkadag» gazeti bölümlerinden ybarat. Onuň «Baş sahypa» bölümi «Baş sahypa», «Suratlar», «Halk Maslahaty hakynda» atly bölümçeleri öz içine alýar. Olarda bolsa degerli maglumatlar, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýokary hilli ajaýyp suratlary görkezilýär, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wezipeleri, alyp barýan işleri we ähmiýeti dogrusynda habar berilýär.

«Toyota Motor» 925 müňe golaý ulag satdy

Ýaponiýanyň «Toyota Motor» awtokonserni ähli golçur kompaniýalaryny bilelikde hasaplanyňda Şu ýylyň iýul aýynda 924,9 müň awtoulag satdy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 0,7 göterim ýokarydyr. Şol bir wagtyň özünde kompaniýa iýul aýynda ulaglaryň önümçiligini hem artdyryp, 923,6 müň sany ulag öndürdi. Hasabat döwründe Ýaponiýanyň beýleki awtoulag kompaniýalarynyň satuwy hem ýokarlandy. Hususan-da, «Honda Motor» kompaniýasy geçen aýda 295 müň (25,5 göterim ösüş), «Mazda Motor» 105,3 müň (3,4 göterim ösüş) awtoulag satdy.

Durmuş döwrebaplygy

Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň işe girizilmegi netijesinde edaralarda we ýaşaýyş jaýlarynda ýokary tizlikli internet, IP telewideniýe hem-de telefon ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik döredildi. Bulardan başga-da, ýokary hilli öýjükli aragatnaşyk hyzmatyny hödürlemek maksady bilen, 3G we ýokary tizlikli internet ulgamyndan peýdalanmaga mümkinçilik berýän 4G enjamlar toplumy işe girizildi. Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň, edaralaryň töwereginde, köçelerde we ýollarda howpsuzlygy üpjün etmek üçin «akylly» wideogözegçilik ulgamlary, awtoulaglaryň hereketiniň sazlaşygyny üpjün edýän döwrebap ýol yşyklar, agyz suwunyň, tebigy gazyň sarp edilişini ölçeýji ulgamlar gurnaldy. Oturdylan hasaplaýjy enjamlary dolandyrmak işini amala aşyrýan tor ulgamlarynyň üsti bilen alynýan maglumatlar gurlan Wi-Fi zolagynyň, enjamlaryň serwerleriniň, serwer goşundylarynyň programma üpjünçiliginiň üsti bilen agyz suwuň, tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň maglumat binýadyny toplap, degişli edara-kärhanalarda elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döretmäge ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Arkadag şäherinde ornaşdyrylýan sanly ulgamlary dolandyrmak boýunça hünärmenleri taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly işleriň alnyp barylmagyna, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugal

Awtoulaglar barada gyzykly maglumatlar

Gatnaw üçin iň amatly we elýeterli bolan awtoulaglar ynsan durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Geliň, awtoulaglar barada birnäçe gyzykly maglumatlary okalyň! ■ 1886-njy ýylda iňlis oýlap tapyjysy Karl Benz ilkinji üç tekerli awtoulagy ýasaýar.

«Türkmentelekom» EAK-nyň «Internet kafe» nokatlarynyň birnäçesi paýtagtymyzda halkymyza hyzmat edýär

Häzirki tehnologiýanyň ösen döwründe ilatymyz internet torunyň çäksiz hyzmatlaryndan peýdalanyp, özbaşdak maglumat ummanyna aralaşyp bilýär. Muňa garamazdan Internet kafeleri halk köpçüliginiň arasynda ähmiýetini we zerurlygyny saklap gelýär. Çünki, Internet kafeleri diňe bir maglumat ummany bolman, eýsem medeniýetli dynç almagyň bir görnüşi bolup halkymyza hyzmat edýär. «Internet kafelerde» maglumat tehnologiýasynyň soňky gazananlary arkaly internet hyzmatlaryndan peýdalanmak bolýar. Okuw meýilnamalary, iş maksatnamalary üçin bellikler almagyň we maglumat toplamagyň amatlaşdyrylan merkezi bolup durýar. Esasan hem, talyp ýaşlara bilim ojaklaryndan daşary deň-duşlary bilen birlikde bilimini kämilleşdirmekleri we ylmy işlerini dowam etdirmekleri üçin mümkinçilik döredýär.

Milli aragatnaşygyň häzirki zaman ösüşi

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» esasynda bu ugur boýunça ygtyýarly edara diýlip kesgitlenen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragatnaşyk» agentligi milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň işini sanlylaşdyrmakda, hödürlenilýän hyzmatlardan peýdalanmagy ýeňilleşdirmekde, olaryň hilini ýokarlandyrmakda maksatnamalaýyn işleri alyp barýar. Agentlik sanly ulgamyň şertlerini yzygiderli ornaşdyrmagyň çäklerinde ýerli hem-de öýjükli telefon aragatnaşygy, Internet tory, poçta hyzmatlary, sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, hemra aragatnaşygy, milli tele we radioýaýlymlary ýaýratmak, şeýle-de hünärmenleri taýýarlamak ýaly ugurlar boýunça işleri ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi Halkara Elektroaragatnaşyk birleşiginiň, Bütindünýä poçta birleşiginiň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň, «GSM» assosiasiýasynyň, Sanlary we domen atlaryny dolandyrmak boýunça internet korporasiýasynyň (ICANN) we başga-da birnäçe iri halkara guramalaryň doly hukukly agzasy bolup, olar bilen uzak möhletleýin esasda işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýurdumyz sebitde möhüm merkez — Gündogar bilen Günbataryň, Demirgazyk bilen Günortanyň arasynda uly ähmiýetli maglumat-aragatnaşyk köprüsi bolmak bilen, halkara opt

Sizi bular gyzyklandyrýarmy?

AÝNA NÄDIP ÝASALÝAR? Her gün seredip saçymyzy daraýan, käte uzak wagtlap öňünden aýrylmaýan aýnamyz nädip ýasalýarka? Irki döwürlerde aýna ýok wagty adamlar öz keşbini görmek üçin dury suwa sereder ekenler. Soň-soňlar wulkanlaryň ereden daşy, ýagny gara obsidian daşyny ýylmap, aýna ýasapdyrlar. Elbetde, bu örän agyr bolupdyr. Şonuň üçin obsidian daşyndan uly aýnalary ýasamak mümkin bolmandyr. Häzirki döwrebap aýnalar bolsa 1835-nji ýylda nemes alymy Ýustus fon Libih tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Döwrebap aýnalar adaty penjirede ulanylýan aýnalaryň bir tarapyna alýumin ýa-da kümüş çaýylyp ýasalýar. Kümşüň gymmat metal bolanlygy üçin alýumin has köp ulanylýar. Ýörite enjamlaryň kömegi arkaly alýumin beýleki himiki garyndylar bilen garylyp, aýnanyň ýüzüne sepilýär we guradylýar. Sepilen bu gatlak zaýalanmaz ýaly, onuň üstünden goraýjy reňk sepilýär. Şeýlelikde, siziň söýgüli aýnaňyz taýýar bolýar!

“iPhone 16 Pro” Hindistanda öndüriler

“Apple” kompaniýasy ”iPhone 16 Pro” kysymly smartfonlarynyň önümçiligini bölekleýin esasda Hytaýdan Hindistana geçirmegi meýilleşdirýär. Telefonlaryň bu modeli Hytaýda öndürilmedik modelleriň biri bolar. “Bloomberg” neşiriniň “Foxconn India” kompaniýasyna salgylanyp berýän habaryna görä, sentýabr aýynda ” iPhone 16″ kysymly smartonlaryň tanyşdyrylyş çäresi geçirilenden soňra önümçiligi Hindistanda ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Milli elektron senagaty: «Bilimli» noutbuklar — körpelere ajaýyp sowgat

Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda ak mekdebe ilkinji gezek gadam goýup, 1-nji synpa okuwa barýan bagtyýar körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan noutbuk kompýuterleriň sowgat berilmegi indi ajaýyp däbe öwrüldi. Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen ýola goýlan şeýle asylly işleri, giň gerimli bilim özgertmelerini üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz islendik döwletiň we jemgyýetiň durnukly hem-de sazlaşykly ösmeginiň ylym bilen aýrylmaz baglydygyny nygtaýar. Şunda ykbaly ýazylmadyk ak kagyza meňzeýän, bilimler dünýäsiniň bir gyrasyndan ýaňy ilkinji ädimleri ädýän bagtyýar çagalaryň her birine noutbuk kompýuterleriň sowgat hökmünde gowşurylmagy ýaş nesliň kiçilikden döwrebap düşünjeli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegi babatda örän uly ähmiýete eýedir. Taryhy wakalara beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ugurda netijeli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 23-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bilim ministrligine öz ýurdumyzda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn almak, 1-nji awgusta çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de olara tehniki taýdan hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy, şeýle-de «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga yg

Döwrebap enjamlar

Häzirki wagtda öýde, okuwda we edaralarda işleriň ýerine ýetirilişini kompýutersiz göz öňüne getirmek kyn. Ilkinji kompýuteri iňlis alymy Çarlz Babbage 1822-nji ýylda oýlap tapýar. Ol kompýuteriň ululygy bir otagyň ululygy bilen deň, ýagny agramy 30 tonna, umumy tutýan meýdany bolsa 1800 inedördül metre barabar bolupdyr. Häzirki elektron kompýuterleriň irki nusgalary 1940-njy ýyllaryň başynda oýlanyp tapylýar. Ilkinji kompýuterler harby maksatlarda ulanylypdyr. Ol kompýuterler häzirki wagtda Waşington şäherindäki «Smithsonian» institutynda saklanýar. Kompýuter latynça «hasaplamak» manysyny berýär, şeýle-de bu söz iňlis dili sözlüginde «tehnologik we bilim gözlegleri maksatly ulanylýan maşyn» diýip hem atlandyrylýar.

Onlaýn çeşmelerini ulanmagyň aýratynlyklary

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşi, etrabyň aragatnaşyk bölümi bilen bilelikde guramagynda Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan esasy maksatlary we wezipeleri hem-de internet torunyň ösdürilmegi we peýdalanylmagy babatda işi düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny düşündirmek maksady bilen «Sanly tehnologiýa we kiberhowpsuzlyk» atly şygar bilen etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Çärede ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de aragatnaşyk bölüminiň işgärleriniň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda häzirki wagtda internetiň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi, aragatnaşyk, iş, güýmenje we başga-da köp maksatlar üçin ulanylýandygy dogrusynda, şeýle-de interneti ulanmagyň amatlylygy bilen bir hatarda howplary, maglumatlaryň gizlinligini bozmak we şuňa meňzeş howplaryň hem ýüze çykýandygy, şeýle-de internet arassaçylygynyň düzgünlerini berjaý etmek we onlaýn çeşmeleri ulanmagyň tertibi barada düşündirildi. Türkmenistanda 2019 – 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýetiň esasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklaryň sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylmagy arkaly alnyp barylýan işleriň çäklerinde yzygiderli okuw we terbiýeçilik işleri

Türkmenistanyň wekiliýeti ikinji Halkara Hazar Sanly Forumyna çagyrylýar

Türkmenistanyň wekiliýeti 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Dagystanda geçiriljek ikinji Halkara Hazar Sanly Forumyna çagyrylýar. Bu halkara forumyna Hazarýaka sebitiniň ähli döwletleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Çärä gatnaşyjylaryň ulag-logistika, ekologiýa we syýahatçylygyň ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegi ara alyp maslahatlaşjakdygy bellenildi.

Китайский BYD хочет выпускать автомобили в Пакистане

Развитие гиганта элек­тромобилей и гибридов BYD - это уже даже не экспансия на мировой рынок. Флот из автово­зов BYD, серийный гибрид с запа­сом хода в 2100 км без подзарядки и дозаправки, электромобиль за 9 000$, который стал настоящей головной болью для зарубежных автокомпаний. Может, пора оста­новиться, BYD? Отнюдь нет - словно мысленно отвечает всему миру автогигант из Поднебесной и делает ещё один шаг к своему №1 в мире. Автогигант BYD, который за последний год значительно рас­ширил своё присутствие в разных частях планеты (уже вышел на бо­лее чем 80 рынков по всему миру) и который вовсю строит собствен­ный флот (!) для доставки своих автомобилей на рынки за преде­лами Китая, на этом, очевидно, останавливаться не собирается и готовит ещё несколько, не по­боимся сказать, неожиданностей мирового масштаба. Об одной из таких стало извест­но на днях: BYD запустит продажи в пятой по численности населения стране мира — в Пакистане. И не просто запустит, а, по некоторой ин­формации, построит там ещё один свой завод по выпуску электромоби­лей и гибридов.

Kämilleşýän sanly ulgamda täze döwür

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady ösüş babatyndaky strategiýasynyň esasy wezipesi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistan demokratik, hukuk kadalaryna esaslanýan, ykdysady taýdan durnukly ösýän döwlet hökmünde sebitde-de, dünýä jemgyýetçiliginde-de mynasyp orun eýeleýär. Ösen bazar gatnaşyklaryny nazarlaýan işjeň syýasatyň esasy ugurlarynyň hatarynda öňdebaryjy tehnologiýalara daýanýan kämil senagaty kemala getirmek ýurdumyzyň strategik ugurlarynyň biri bolup durýar.  Elektron senagaty döretmek, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, galyberse-de, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek hukuk kepilliklerini talap edýär.

“Eutelsat” dünýädäki iň uly ýerüsti hemra aragatnaşyk kompaniýasyny döretmegi meýilleşdirýär

Fransiýanyň emeli hemra operatory “Eutelsat” bahasy takmynan €790 million ($863 million) ýerüsti hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän kompaniýa döretmek isleýändigini mälim etdi. Dolanyşygy boýunça dünýädäki iň uly hemra operatory teleportasiýa (obýektleriň dessine islendik aralyga hereketi) hyzmatlary işewürliginiň köpüsini Şwesiýanyň “EQT Partners” tarapyndan dolandyrylýan hususy paýdarlar jemgyýetine satmagy meýilleşdirýär.

«Start»-da Premium abuna ýazylyşyk elýeter edildi

PREMIUM Türkmenistanyň raýatlarynyň 90%-i täze «Start» sosial ulgamy hakda bilmeýär. Söhbetdeşlik, aýdym-saz, wideo we suratlar paýlaşyň we uly topar dörediň. Emma aragatnaşygyňyzy hasam gowlaşdyrmak isleseňiz, «Premium» abuna ýazylyşyny barlap görüň!

«Tesla» satuwyny ýokarlandyrdy

ABŞ-nyň «Tesla» kompaniýasy iýul aýynda hytaý bazarynda elektromobilleriniň satuwyny geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15 göterim artdyrdy. Has takygy, geçen aý kompaniýa Hytaýda 74 müň 117 sany elektromobil satypdyr. Häzirki wagtda «Tesla» hytaý bazarynda elektromobil satmak boýunça «BYD» kompaniýasyndan soňra, ikinji orny eýeleýär. «BYD» iýul aýynda 340 müň 799 sany elektromobil satdy.