"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Şanly ýylyň şygaryndan ruhlanyp

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şygarynyň ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de halkara syýasy, ykdysady, medeni giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň we bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy jemgyýetimiziň ösüşiniň binýady bolan ýaş nesle bildirilýän uly ynamdan nyşandyr. Watan, ýaşlar, geljek baradaky mukaddes düşünjelerimiz bu şygaryň düýp mazmunyny düzýär. Bu ajaýyp ýylyň üstünlikleri, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalary ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrýar, at-abraýy dünýä dolan Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly çärelere, taryhy wakalara beslendi. Ýene sanlyja günden geçiriljek Ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi olaryň özboluşly jemlenmesi bolar. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň ders olimpiadalarynda, talyplaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener.

Şahyryň şanyna toý tutulýar

Geljek ýylda nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyl dolýar. Muňa biziň etrabymyzda hem uly taýýarlyk görülýär. Etrabymyzyň ähli mekdeplerinde we edara-kärhanalarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, dürli mowzukda çäreler, dabaralar, döredijilik bäsleşikleri we edebiýat agşamlary giň gerimde geçirilýär. Biziň mekdebimizde hem şahyryň doglan gününe bagyşlanyp, «Goşgularyň ýürekde, akyldar şahyr Magtymguly Pyragy!» ady bilen edebiýat agşamy geçirildi. Oňa gatnaşanlar çykyşlarynda Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi dogrusynda täsirli gürrüň berdiler. Dabarada şahyryň goşgulary labyzly okaldy. Soňra çäre beýik akyldaryň goşgularyna döredilen aýdymlar bilen dowam etdi.

Daşary ýurt dillerini öwrenmekde sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bilim we ylym ulgamynda düýpli özgerişlikler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda okatmagyň iň kämil usullary, döwrebap ugurlary durmuşa geçirilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. Şonuň üçin hem sapakda kompýuter enjamlary, multimedia tehnologiýalary giňden peýdalanylýar. Munuň özi usulyýetiň döwrebap görnüşi bolmak bilen bir hatarda, okuwçylaryň okamaga, öwrenmäge bolan gyzyklanmasyny artdyrýar. Netijede, okuwçylar bilimleri tiz özleşdirip guralýan sapaklara oňat düşünýärler. Daşary ýurt dilleri okadylanda okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrmak, olaryň iňlis diline bolan söz baýlygyny gazanmak mugallymlaryň baş maksadydyr. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz halkara giňişliginde mynasyp orny eýeläp, dünýä ýurtlary bilen deňhukukly, dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde netijeli işleri alyp barýar. Şu nukdaýnazardan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän ýaşlary taýýarlamak zerur bolup durýar. Häzirki wagtda sapaklarda multimedia tagtalar, kompýuterler işjeň ulanylýar. Bu işleriň çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplerde has-da çuňlaşdyrylyp amala aşyrylmagy ýaşlaryň daşary ýurt dillerini has-da içgin öwrenmekleriniň kepilidir. Daşary ýurt dilini okatmagyň häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyş, o

Sungatyň dili — halklary we kalplary ýakynlaşdyrýan köpri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň medeni syýasaty öz anyk netijesini berip, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, türkmen jemgyýetiniň döredijilik mümkinçilikleriniň has-da ösdürilmegine giň ýol açýar. Bu günki gün Türkmenistan halkara derejeli forumlaryň, festiwallaryň, sergilerdir maslahatlaryň, Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýän mekanyna öwrüldi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň medeni-ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri daşary ýurtlarda guralýan dürli mazmunly çärelere hem işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi medeni mirasy wagyz etmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, halklaryň arasyndaky dostlugy, düşünişmegi berkitmäge, toplanan tejribeleri paýlaşmaga oňyn täsirini ýetirýär. Şu babatda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda-da uly işler alnyp barylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşary ýurtly medeniýet we sungat ussatlarynyň ýüzlerçesi dürli görnüşli çärelere gatnaşmak üçin türkmen topragynda myhman boldular. Hususan-da, Italiýadan, Fransiýadan, Polşadan gelen kompozitorlaryň, sazandalardyr sazşynaslaryň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussatlyk sapaklaryny geçmekleri, olar bilen döredijilik duşuşyklarynyň guralmagy özara tejribe alyşmaga, medeni köprüleriň binýadyny has-da pugtalandyrmaga ýardam et

Kämil terbiýäniň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy ösýär, onuň gurluşy kämilleşdirilýär. Okatmak we terbiýe bermek işi häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk getirilýär. Ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň ýörelgelerini, düzgünlerini, usullaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek we ýokary netijeli usullardan peýdalanmak möhümdir. Mugallymlar we synp ýolbaşçylary okuwçylar bilen üznüksiz terbiýeçilik işlerini geçirýärler. Şeýle ähmiýetli işler okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, myhmansöýerligi, dostlugy, agzybirligi, ynsaplylygy, özüňi alyp barmagyň medeniýetini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny öwrenmäge, bilimini kämilleşdirmäge, saglygyny goramaga we berkitmäge, milli baýramçylyklary bellemäge, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge bolan gyzyklanmany ösdürmäge ýardam edýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Baky bagtyýarlygymyzyň gözbaşy Ata Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çyn ýürekden wepaly, ruhubelent, giň gözýetimli, kämil bilimli, anyk maksatly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Çünki, ýaş nesle berilýän bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk binýatdyr. Şoňa laýyklykda hormatly Prezidentimiz bilimiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

III Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda III Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirmek boýunça ýörite düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. Internet olimpiadalarynyň yzygiderli geçirilmegi, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmagy we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli, ruhubelent ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär. Şeýle hem bu halkara bäsleşigi ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegi we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyşmagy, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmaklaryny guramagy, häzirki döwürde amalyýetde ýüze çykýan fiziki meseleleri, tejribeleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmegi, sanly maglumat — kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara gatnaşyklaryny amala aşyrmagy hem-de häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly fizika dersine degişli bolan nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma

Halkara internet ekologiýa olimpiadasy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda bilim ulgamynda halkara çärelerdir bäsleşiklere giň gerim berildi. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda II açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, ýiti zehinli, maksada okgunly ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ekologik bilimlerini we endiklerini kämilleşdirmek, ylmy-döredijilik işine we halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryny, şeýle-de özara dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen guralan bu olimpiada daşary ýurtlaryň 17-sinden 63, şeýle hem ýurdumyzyň 26 ýokary okuw mekdebinden 479 talyp gatnaşdy. Onda populýasiýalaryň ekologiýasy we biosferasy; adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri; senagat ekologiýasy; ekologik monitoring; ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar bilen baglanyşykly ýumuşlar hödürlenildi. Olary ýerine ýetirmek üçin talyplara jemi 90 minut wagt berildi. Olimpiada gatnaşan talyplaryň işleri programma üpjünçiligi arkaly bahalandyryldy we toplanan ballaryň jemi boýunça netijeler jemlendi.

Gözelligiň şäheri

Gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzda şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyryşyny, adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýän bir bitewi gurşawyň, ekoulgamyň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär. Täze «akylly» şäher Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurduň ösüşleriniň, buýsandyryjy üstünlikleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, ol ýerde alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklaýar. Gahryman Arkadagymyz 9-njy dekabrda hem täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalardyr desgalaryň şekil taslamalary, gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň arasynda Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň hem bardygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Gahryman Arkadagymyz Oba hojalyk uniwersitetiniň we oňa degişli ylmy-önümçilik merkezleriniň gurluşygynyň, olaryň enjamlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigine aýratyn ünsi çekmegi ýaşlaryň bilim almak mümkinçiliklerini ýokary derejelere laýyk getirmek baradaky aladalardan gözbaş alýar. Ýokary okuw mekdebine degişli ylmy-barlag institutlarynyň binalarynyň we ugurdaş düzümle

Bilimli ýaşlara buýsanç

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň bilimli, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda durmuşa geçirilen beýik işleriň her biri halkymyzyň eşretli şu gününi, röwşen geljegini üpjün edýär.

Kitap — ynsanyň dosty

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giň dünýägaraýyşly, ylymly, bilimli ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär. Islendik arzyly maksada okamak, öwrenmek bilen ýetip bolýar. Okamak — aňyň hem ruhuň iýmiti. Okaýan adamyň dünýägaraýşy giň, ruhy belent bolýar. Her okaýan zadyňdan hökman täze zat öwrenip bolýar. Kitap okamak ömre many çaýýan zatlaryň biridir. Okamak ynsana ajaýyp geljegi sowgat edýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin ýaş nesliň dünýäniň dürli dillerini öwrenmekleri zerur. Ýaşlaryň ylma-bilime bolan höwesiniň ýokarlanmagynda kitap okamak ýörelgesine-de möhüm orun degişlidir. Ýaşlarymyz kitaby söýmelidirler. Kitap geljegiňi nurlandyrýan, ýörejek ýollaryňa ýagtylyk saçýan şamçyragdyr. Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar. Ylymly-bilimli ýaşlar bolup, ata Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir. Biziň geljegimiz ýaşlarymyz bilendir» diýip belleýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljegimiz bolan ýaş nesilleriň bilimli, sowatly, sagdyn pikirlenip bilýän aň-düşünjeli bolmagy üçin uly aladalar edilýär. Nesilleriň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr.

Üstünligiň gözbaşy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaşlar — uly güýç. Olaryň bilimli, hünärli bolmagy, ýokary watançylyk, ruhy-ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelenmekleri ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň kepilidir. Ýaşlaryň arasynda milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde, olaryň aňynda şöhratly geçmişimize çuňňur söýgini, hormaty, geljegimize uly ynamy döretmekde guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki döwürde ýaşlaryň döwrebap bilim we oňat terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlan häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri bu ugurda amala aşyrylýan beýik işleriň aýdyň subutnamasydyr. Bilim edaralaryny döwrebap okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Şu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Ýaşlary terbiýelemek işinde hemişe halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasyndan ugur alynýar. Ata-babalarymyzyň uzak taryhy döwrüň dowamynda kämilleşen baý mazmunly paýhasly sö

Eşretli geljegiň aýdyň beýany

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwrüň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak kämil bilimli hünärmenleri ýetişdirmekde bilim, ylym ulgamynda uly işler alnyp barylýar. Ylmyň täze gazananlaryny öwrenmek işiňe, okuwyňa ornaşdyrmak üçin döwür bilen aýakdaş gitmeli. Ylmyň dürli ugurlary boýunça soňky ýetilen netijelerden peýdalanmagy başarmaly. Ylmyň, tehnikanyň iň täze gazananlaryndan habarly bolmak esasy ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň we mugallymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň her bir ylmy işgäriniň gerekli maglumatlary alyp, peýdalanyp bilmegi üçin internet ulgamynyň giňişleýin ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Ylym, tehnika görlüp-eşidilmedik derejede ösüp, adamzadyň durmuşyny düýpli özgertdi. Bu ähli pudaklarda kämilleşip, barha işjeň häsiýete eýedir. Häzirki wagtda islendik ýerde, islendik pursatda internet hyzmatlarynyň üsti bilen dünýäniň çar künjeginde bolup geçýän ylmy açyşlar, täze oýlap tapyşlar bilen tanşyp bolýar. Ylmyň täze gazananlary hakynda giňişleýin maglumat almaga islendik adam mümkinçilik tapýar. Ylmyň şeýle çalt depginde ösýän döwründe maglumat öwrülişigini üç tapgyra bölüp bolýar. Ýagny, kibernetika — bu ylmyň ösmegi, şonuň netijesinde maglumat dolandyryş ulgamlarynyň döremegi. Şahsy kompýuterleriň köpçülikleýin ula

Çagalar baglarynda oýunlardan peýdalanmak

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle bilim-terbiýäniň başlangyç düşünjeleri berlip, şol bir wagtda-da olar mekdebe taýýarlanylýar. Mekdebe çenli döwür çaganyň pikirlenmesiniň güýçli depginde ösýän wagtydyr. Terbiýeçilerdir mugallymlar hem okatmagyň dürli-dürli usullaryndan we serişdelerinden peýdalanmak bilen, olaryň sözleýiş medeniýetiniň, aň-düşünjesiniň, ýatkeşliginiň kämilleşmegini gazanýarlar. Şunda oýunlardan peýdalanmak özüniň oňat netijesini berýär. Çagalar baglarynda berilýän bilim-terbiýede milli aýratynlyklarymyz göz öňünde tutulýar. Aslynda, halk pedagogikasyna ser salanymyzda, geçmişde çaga terbiýäniň dürli görnüşleriniň berlendigine, onuň akyl terbiýesinde dürli usullaryň ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar. Şonda çagalara dürli soraglary bermek bilen, olaryň daş-töweregi özbaşdak synlamaklaryna, tebigatdaky meňzeş we tapawutly zatlary seljerip bilmeklerine mümkinçilik döredipdirler. Şolaryň üsti bilen olaryň pikirleniş ukyby has hem kämilleşdirilipdir.

Sapaklary täsirli guramagyň ähmiýeti

Ýörite meýilnama esasynda ähli okuw dersleri boýunça okuwçylaryň alan bilimlerini berkitmek maksady bilen gaýtalamak sapaklary guralýar. Okuwçylaryň sapakda öwredilýän maglumatlary has-da oňat özleşdirmeginde we uzak wagtyň dowamynda ýatda saklamagynda gaýtalamak sapaklarynyň örän uly ähmiýeti bar. Şonuň üçin-de olary talabalaýyk guramak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim işgärleri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gurlup ulanylmaga berilýän ak mekdeplerde ýaşlara bilim bermek üçin döredilen şertleriň netijesinde işjeň usullardan, multimedia serişdelerinden, okuw-görkezme esbaplaryndan yzygiderli peýdalanýarlar. Bu bolsa sapagyň hiliniň ýokarlanmagyna, ýaşlaryň bilim derejeleriniň artmagyna, olaryň gözýetimleriniň giňemegine oňyn täsir edýär.

Ussat mugallym — kämil hünärmenler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamlaryny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek, dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän ýaş nesilleri ýetişdirmek boýunça alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek bilim ulgamynyň işgärleri üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagy, ylmy döredijilik işleri bilen yzygiderli meşgullanmagy, berilýän bilimiň giňligi, çuňlugy mugallymyň şahsy we iş başarnyklaryna gönüden-göni bagly bolup durýar. Ilki bilen bellemeli zat, mugallym okadýan dersi we oňa ýanaşyk ugurlar boýunça çuň we giň bilime eýe bolmaly. Mugallymyň daşky görnüşi, özüni alyp barşy, sözleýşi medeniýetli bolmaly. Göze dürtülip duran eşikleri geýinmekden, gymmat bahaly şaýlary dakynmakdan saklanmaly. Mugallymyň dili edebi dile doly gabat gelmeli.

«Açyl, saçagym, açyl!»

Her bir hünäriň öz aýratynlygy, inçe syrlary, usullary hökmany suratda biläýmeli tärleri, şol hünäre mahsus özboluşlylygy bolýar. Aşpezlik hünäri päkizeligi, sabyrlylygy talap edýän hünärleriň biri. «Aşpezlik sungaty» diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Milli, şeyle-de dünýä halklarynyň tagamlaryny maksadalaýyk datly taýýarlap, desterhany göreniňde şähdiň açylýan, gözüň dokunýan, gelşikli edip bezemek tämizligi, ünsi, şol ugra degişli bilim-başarnygy talap edýär. Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli aşpezçilik işi hünärinde okaýan talyp ýaşlaryň arasynda «Hünär ussatlygy» ady bilen bäsleşik geçirildi. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän bu bäsleşigiň maksady talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini nä derejede özleşdirip bilendigini barlamakdan, talyplaryň hünär taýýarlygyny, döredijilik ukybyny, öňdebaryjy ussat hünärmenleri taýýarlamagyň hil derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar. Şeýle-de bäsleşik öz ugrundan ökde ýaş hünärmenleriň döremegine, olaryň ýüze çykarylmagyna itergi berer.

Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda dabaraly maslahat we dünýä halklarynyň naýbaşy tagamlarynyň sergisi geçirildi

Golaýda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Dostluga çagyrýar sagy hem soly, Arkadag Serdarly, Gahryman ýoly» atly dabaraly maslahat we dünýä halklarynyň naýbaşy tagamlarynyň sergisi geçirildi. Çäre Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy. Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýurduň diplomatik gullugynyň weteranlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda türkmen Bitaraplygynyň taryhy, sebit we halkara derejedäki ähmiýeti, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan üstünlikli içeri we daşary syýasatynyň häzirki zaman ähmiýeti barada giňişleýin gürrüňler edildi.

Bilimi güýçliniň geljegi ýagty

Milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary döwlet hem halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Golaýda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan biologiýa dersi boýunça guralan II halkara internet olimpiadasy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen olimpiadanyň esasy maksady «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan», ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Oňa dünýäniň 22 ýurdunyň ýokary okuw mekdepleriniň 46-syndan 139 talyp, ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň 20-sinden 237 talyp gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler.

Belent üstünligiň beýany

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň milli ykdysady pudaklaryny innowasion tehnologiýalarda we dünýä tejribesinde ösdürmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri hökmünde öňe çykaryldy. Şu wezipäni ygtybarly çözmekde ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine uly jogapkärçilik ýüklenilýär. Türkmen ýaşlarynyň döwrebap ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak döwletimiziň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi. Aýratyn hem, bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara, tejribelere, sanly bilime, sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilýär. Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň kämilleşmegi jemgyýetiň intellektual baýlygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.