Üstünligiň gözbaşy

12 Dekabr 2023
602

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Ýaşlar — uly güýç. Olaryň bilimli, hünärli bolmagy, ýokary watançylyk, ruhy-ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelenmekleri ýurdumyzyň geljekki ösüşleriniň kepilidir. Ýaşlaryň arasynda milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde, olaryň aňynda şöhratly geçmişimize çuňňur söýgini, hormaty, geljegimize uly ynamy döretmekde guwandyryjy üstünlikler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki döwürde ýaşlaryň döwrebap bilim we oňat terbiýe almaklary üçin ähli şertler döredilýär.

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurlan häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglary, dynç alyş we sagaldyş merkezleri bu ugurda amala aşyrylýan beýik işleriň aýdyň subutnamasydyr. Bilim edaralaryny döwrebap okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygiderli alnyp barylýar. Bilimiň many-mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini dünýä derejesine laýyk getirmek maksady bilen, sanly bilim ulgamy ösdürilýär. Şu ulgamda ylmyň iň soňky gazananlary we okatmagyň innowasion usullary giňden ornaşdyrylýar. Ýaşlary terbiýelemek işinde hemişe halkymyzyň ruhy we milli gymmatlyklaryndan, edebi mirasyndan ugur alynýar. Ata-babalarymyzyň uzak taryhy döwrüň dowamynda kämilleşen baý mazmunly paýhasly sözleri, ýaş nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemäge ýardam berýär. Halkyň taryhyny, dilini, däp-dessuryny, dünýägaraýyşlaryny öwrenmekde gymmatly çeşmeler bolan nakyllar milliligi, çuň manylylygy, akyl-paýhasa ýugrulanlygy, az sözde giň many bermegiň ajaýyp nusgasydygy bilen çeper söz sungatynyň beýleki görnüşlerinden düýpli tapawutlanýar. Çagalar baglaryndan, orta mekdeplerden başlap ýaş nesliň edepli, salyhatly, ulyny sylaýan, ene-atasyna hormat goýýan, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň edebini bilýän ýaşlar bolup ýetişmegi babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Atabaý MÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň umumy bilim bölüminiň baş hünärmeni.