Kitap — ynsanyň dosty

12 Dekabr 2023
731

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giň dünýägaraýyşly, ylymly, bilimli ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ähli şertler döredilýär. Islendik arzyly maksada okamak, öwrenmek bilen ýetip bolýar. Okamak — aňyň hem ruhuň iýmiti. Okaýan adamyň dünýägaraýşy giň, ruhy belent bolýar. Her okaýan zadyňdan hökman täze zat öwrenip bolýar. Kitap okamak ömre many çaýýan zatlaryň biridir. Okamak ynsana ajaýyp geljegi sowgat edýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin ýaş nesliň dünýäniň dürli dillerini öwrenmekleri zerur. Ýaşlaryň ylma-bilime bolan höwesiniň ýokarlanmagynda kitap okamak ýörelgesine-de möhüm orun degişlidir. Ýaşlarymyz kitaby söýmelidirler. Kitap geljegiňi nurlandyrýan, ýörejek ýollaryňa ýagtylyk saçýan şamçyragdyr. Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar. Ylymly-bilimli ýaşlar bolup, ata Watanymyza wepaly gulluk etmek beýik mertebedir. Biziň geljegimiz ýaşlarymyz bilendir» diýip belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljegimiz bolan ýaş nesilleriň bilimli, sowatly, sagdyn pikirlenip bilýän aň-düşünjeli bolmagy üçin uly aladalar edilýär. Nesilleriň, jemgyýetiň, tutuş halkyň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr.

Ataş GANDYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.