Bilimi güýçliniň geljegi ýagty

11 Dekabr 2023
471

Milli bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň netijesinde, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary döwlet hem halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Golaýda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti tarapyndan biologiýa dersi boýunça guralan II halkara internet olimpiadasy hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen olimpiadanyň esasy maksady «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyndan», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan», ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur alyp, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr. Oňa dünýäniň 22 ýurdunyň ýokary okuw mekdepleriniň 46-syndan 139 talyp, ýurdumyzyň bilim ojaklarynyň 20-sinden 237 talyp gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».