Gözelligiň şäheri

12 Dekabr 2023
456

Gojaman Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzda şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyryşyny, adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýän bir bitewi gurşawyň, ekoulgamyň kemala gelýändigine şaýatlyk edýär. Täze «akylly» şäher Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurduň ösüşleriniň, buýsandyryjy üstünlikleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheri boýunça iş saparyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, ol ýerde alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklaýar. Gahryman Arkadagymyz 9-njy dekabrda hem täze şäheri ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän binalardyr desgalaryň şekil taslamalary, gurluşyk üçin niýetlenen ýer bölekleriniň çyzgylary bilen tanyşdy. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly binalaryň arasynda Oba hojalyk uniwersitetiniň täze binalar toplumynyň hem bardygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Gahryman Arkadagymyz Oba hojalyk uniwersitetiniň we oňa degişli ylmy-önümçilik merkezleriniň gurluşygynyň, olaryň enjamlaşdyrylyşynyň häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidigine aýratyn ünsi çekmegi ýaşlaryň bilim almak mümkinçiliklerini ýokary derejelere laýyk getirmek baradaky aladalardan gözbaş alýar. Ýokary okuw mekdebine degişli ylmy-barlag institutlarynyň binalarynyň we ugurdaş düzümleriň desgalarynyň döwrebap tehnologiýalar, enjamlar bilen üpjün edilmegi täze ösüş şertlerine laýyk gelýän hünärmenleri ýetişdirmekde möhüm ähmiýetli wezipeleriň biri bolup durýar.

Çary Mämmedow,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hünärmeni.