Eşretli geljegiň aýdyň beýany

12 Dekabr 2023
612

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin mümkinçilikler döredilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda döwrüň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak kämil bilimli hünärmenleri ýetişdirmekde bilim, ylym ulgamynda uly işler alnyp barylýar. Ylmyň täze gazananlaryny öwrenmek işiňe, okuwyňa ornaşdyrmak üçin döwür bilen aýakdaş gitmeli. Ylmyň dürli ugurlary boýunça soňky ýetilen netijelerden peýdalanmagy başarmaly. Ylmyň, tehnikanyň iň täze gazananlaryndan habarly bolmak esasy ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň we mugallymlaryň, ylmy-barlag institutlarynyň her bir ylmy işgäriniň gerekli maglumatlary alyp, peýdalanyp bilmegi üçin internet ulgamynyň giňişleýin ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.

Ylym, tehnika görlüp-eşidilmedik derejede ösüp, adamzadyň durmuşyny düýpli özgertdi. Bu ähli pudaklarda kämilleşip, barha işjeň häsiýete eýedir. Häzirki wagtda islendik ýerde, islendik pursatda internet hyzmatlarynyň üsti bilen dünýäniň çar künjeginde bolup geçýän ylmy açyşlar, täze oýlap tapyşlar bilen tanşyp bolýar. Ylmyň täze gazananlary hakynda giňişleýin maglumat almaga islendik adam mümkinçilik tapýar. Ylmyň şeýle çalt depginde ösýän döwründe maglumat öwrülişigini üç tapgyra bölüp bolýar. Ýagny, kibernetika — bu ylmyň ösmegi, şonuň netijesinde maglumat dolandyryş ulgamlarynyň döremegi. Şahsy kompýuterleriň köpçülikleýin ulanylyp başlanmagy. Şeýle hem telekommunikasiýa tehnologiýalarynyň has-da ösüp, şahsy kompýuterleriň, ilki lokal, soňra global torlara birikdirilmegi.

Jemal GARAJAÝEWA,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy.