Belent üstünligiň beýany

10 Dekabr 2023
594

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistanyň milli ykdysady pudaklaryny innowasion tehnologiýalarda we dünýä tejribesinde ösdürmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamak esasy wezipeleriň biri hökmünde öňe çykaryldy. Şu wezipäni ygtybarly çözmekde ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine uly jogapkärçilik ýüklenilýär.

Türkmen ýaşlarynyň döwrebap ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak döwletimiziň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi. Aýratyn hem, bu ulgamda ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara, tejribelere, sanly bilime, sanly ykdysadyýete, täze hünär ugurlarynyň açylmagyna uly ähmiýet berilýär. Dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň kämilleşmegi jemgyýetiň intellektual baýlygynyň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär.

Ogultäç SOPYÝEWA,
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.