III Açyk halkara fizika internet olimpiadasy geçirildi

13 Dekabr 2023
579

Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340 belgili Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem bilimiň hiline garaşsyz monitoringi amala aşyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda III Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny geçirmek boýunça ýörite düzgünnama işlenip taýýarlanyldy. Internet olimpiadalarynyň yzygiderli geçirilmegi, Türkmenistanyň okgunly ösýän bazar ykdysadyýetinde innowasion tehnologiýalary ulanmagy we çylşyrymly meseleleri özbaşdak çözmegi başarýan zehinli, ruhubelent ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam edýär.

Şeýle hem bu halkara bäsleşigi ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmegi we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyşmagy, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmaklaryny guramagy, häzirki döwürde amalyýetde ýüze çykýan fiziki meseleleri, tejribeleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmegi, sanly maglumat — kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň we aýry-aýry ylmy merkezleriň özara gatnaşyklaryny amala aşyrmagy hem-de häzirki zaman tehnologiýalary ulanmak arkaly fizika dersine degişli bolan nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmegi maksat edinýär.

Jeren ATABAÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.