Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda dabaraly maslahat we dünýä halklarynyň naýbaşy tagamlarynyň sergisi geçirildi

11 Dekabr 2023
403

Golaýda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda «Dostluga çagyrýar sagy hem soly, Arkadag Serdarly, Gahryman ýoly» atly dabaraly maslahat we dünýä halklarynyň naýbaşy tagamlarynyň sergisi geçirildi. Çäre Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy.

Dabaraly maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, ýurduň diplomatik gullugynyň weteranlarynyň, ýaşuly nesliň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda türkmen Bitaraplygynyň taryhy, sebit we halkara derejedäki ähmiýeti, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan üstünlikli içeri we daşary syýasatynyň häzirki zaman ähmiýeti barada giňişleýin gürrüňler edildi.