Ussat mugallym — kämil hünärmenler

12 Dekabr 2023
732

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim ulgamlaryny dünýä ülňülerine laýyk ösdürmek, dünýäniň ösen innowasion tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän ýaş nesilleri ýetişdirmek boýunça alyp barýan syýasatyny durmuşa geçirmek bilim ulgamynyň işgärleri üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Ýaşlaryň döwrebap hünärleri ele almagy, ylmy döredijilik işleri bilen yzygiderli meşgullanmagy, berilýän bilimiň giňligi, çuňlugy mugallymyň şahsy we iş başarnyklaryna gönüden-göni bagly bolup durýar.

Ilki bilen bellemeli zat, mugallym okadýan dersi we oňa ýanaşyk ugurlar boýunça çuň we giň bilime eýe bolmaly. Mugallymyň daşky görnüşi, özüni alyp barşy, sözleýşi medeniýetli bolmaly. Göze dürtülip duran eşikleri geýinmekden, gymmat bahaly şaýlary dakynmakdan saklanmaly. Mugallymyň dili edebi dile doly gabat gelmeli.

Töfe HOŞANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.