Çagalar baglarynda oýunlardan peýdalanmak

12 Dekabr 2023
981

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpe nesle bilim-terbiýäniň başlangyç düşünjeleri berlip, şol bir wagtda-da olar mekdebe taýýarlanylýar. Mekdebe çenli döwür çaganyň pikirlenmesiniň güýçli depginde ösýän wagtydyr. Terbiýeçilerdir mugallymlar hem okatmagyň dürli-dürli usullaryndan we serişdelerinden peýdalanmak bilen, olaryň sözleýiş medeniýetiniň, aň-düşünjesiniň, ýatkeşliginiň kämilleşmegini gazanýarlar. Şunda oýunlardan peýdalanmak özüniň oňat netijesini berýär.

Çagalar baglarynda berilýän bilim-terbiýede milli aýratynlyklarymyz göz öňünde tutulýar. Aslynda, halk pedagogikasyna ser salanymyzda, geçmişde çaga terbiýäniň dürli görnüşleriniň berlendigine, onuň akyl terbiýesinde dürli usullaryň ulanylandygyna göz ýetirmek bolýar. Şonda çagalara dürli soraglary bermek bilen, olaryň daş-töweregi özbaşdak synlamaklaryna, tebigatdaky meňzeş we tapawutly zatlary seljerip bilmeklerine mümkinçilik döredipdirler. Şolaryň üsti bilen olaryň pikirleniş ukyby has hem kämilleşdirilipdir.

Dünýägözel GURBANNAZAROWA,
Aşgabat şäherindäki 60-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri.