Halkara internet ekologiýa olimpiadasy

13 Dekabr 2023
592

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda bilim ulgamynda halkara çärelerdir bäsleşiklere giň gerim berildi. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň guramagynda ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda II açyk halkara internet ekologiýa olimpiadasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatyny ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, ýiti zehinli, maksada okgunly ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň ekologik bilimlerini we endiklerini kämilleşdirmek, ylmy-döredijilik işine we halkara derejede geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşmaklaryny, şeýle-de özara dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýmak maksady bilen guralan bu olimpiada daşary ýurtlaryň 17-sinden 63, şeýle hem ýurdumyzyň 26 ýokary okuw mekdebinden 479 talyp gatnaşdy. Onda populýasiýalaryň ekologiýasy we biosferasy; adam ekologiýasy we häzirki zaman ekologiýa meseleleri; senagat ekologiýasy; ekologik monitoring; ekologiýa kanunçylygy we halkara guramalar bilen baglanyşykly ýumuşlar hödürlenildi. Olary ýerine ýetirmek üçin talyplara jemi 90 minut wagt berildi. Olimpiada gatnaşan talyplaryň işleri programma üpjünçiligi arkaly bahalandyryldy we toplanan ballaryň jemi boýunça netijeler jemlendi.

Rahmanberdi GÖKLEŇOW.
«Türkmenistan».