Şanly ýylyň şygaryndan ruhlanyp

15 Dekabr 2023
463

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň şygarynyň ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hem-de halkara syýasy, ykdysady, medeni giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň we bagtyýar ýaşlarymyzyň ady bilen baglanyşdyrylmagy jemgyýetimiziň ösüşiniň binýady bolan ýaş nesle bildirilýän uly ynamdan nyşandyr. Watan, ýaşlar, geljek baradaky mukaddes düşünjelerimiz bu şygaryň düýp mazmunyny düzýär. Bu ajaýyp ýylyň üstünlikleri, syýasy, jemgyýetçilik, halkara ähmiýetli wakalary ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrýar, at-abraýy dünýä dolan Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy has-da ýokarlandyrýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda şu ýyl ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak köp sanly çärelere, taryhy wakalara beslendi. Ýene sanlyja günden geçiriljek Ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi olaryň özboluşly jemlenmesi bolar. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň ders olimpiadalarynda, talyplaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener.

Ogulgözel ÝAZHANOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy.