Sungatyň dili — halklary we kalplary ýakynlaşdyrýan köpri

14 Dekabr 2023
629

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň medeni syýasaty öz anyk netijesini berip, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, türkmen jemgyýetiniň döredijilik mümkinçilikleriniň has-da ösdürilmegine giň ýol açýar. Bu günki gün Türkmenistan halkara derejeli forumlaryň, festiwallaryň, sergilerdir maslahatlaryň, Medeniýet günleriniň yzygiderli geçirilýän mekanyna öwrüldi. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň medeni-ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri daşary ýurtlarda guralýan dürli mazmunly çärelere hem işjeň gatnaşýarlar. Munuň özi medeni mirasy wagyz etmäge, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna, halklaryň arasyndaky dostlugy, düşünişmegi berkitmäge, toplanan tejribeleri paýlaşmaga oňyn täsirini ýetirýär. Şu babatda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda-da uly işler alnyp barylýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşary ýurtly medeniýet we sungat ussatlarynyň ýüzlerçesi dürli görnüşli çärelere gatnaşmak üçin türkmen topragynda myhman boldular. Hususan-da, Italiýadan, Fransiýadan, Polşadan gelen kompozitorlaryň, sazandalardyr sazşynaslaryň Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ussatlyk sapaklaryny geçmekleri, olar bilen döredijilik duşuşyklarynyň guralmagy özara tejribe alyşmaga, medeni köprüleriň binýadyny has-da pugtalandyrmaga ýardam etdi. Meşhur kompozitorlardyr sazandalaryň türkmen talyplaryna professional aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny, ýerine ýetirijilik ussatlygynyň ýollaryny öwredip, olaryň zehinine, ukyp-başarnyklaryna ýokary baha bermekleri örän buýsançlydyr.

Resul AMANGELDIÝEW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty.