Kämil terbiýäniň gözbaşy

13 Dekabr 2023
549

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy ösýär, onuň gurluşy kämilleşdirilýär. Okatmak we terbiýe bermek işi häzirki zamanyň ýokary talaplaryna laýyk getirilýär. Ýaş nesle bilim-terbiýe bermegiň ýörelgelerini, düzgünlerini, usullaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek we ýokary netijeli usullardan peýdalanmak möhümdir.

Mugallymlar we synp ýolbaşçylary okuwçylar bilen üznüksiz terbiýeçilik işlerini geçirýärler. Şeýle ähmiýetli işler okuwçylarda watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, myhmansöýerligi, dostlugy, agzybirligi, ynsaplylygy, özüňi alyp barmagyň medeniýetini, milli we umumadamzat gymmatlyklaryny öwrenmäge, bilimini kämilleşdirmäge, saglygyny goramaga we berkitmäge, milli baýramçylyklary bellemäge, köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmäge bolan gyzyklanmany ösdürmäge ýardam edýär.

Jumamyrat ŞÄHEROW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrap bilim bölüminiň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.