«Açyl, saçagym, açyl!»

11 Dekabr 2023
477

Her bir hünäriň öz aýratynlygy, inçe syrlary, usullary hökmany suratda biläýmeli tärleri, şol hünäre mahsus özboluşlylygy bolýar. Aşpezlik hünäri päkizeligi, sabyrlylygy talap edýän hünärleriň biri. «Aşpezlik sungaty» diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Milli, şeyle-de dünýä halklarynyň tagamlaryny maksadalaýyk datly taýýarlap, desterhany göreniňde şähdiň açylýan, gözüň dokunýan, gelşikli edip bezemek tämizligi, ünsi, şol ugra degişli bilim-başarnygy talap edýär.

Ýakynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli aşpezçilik işi hünärinde okaýan talyp ýaşlaryň arasynda «Hünär ussatlygy» ady bilen bäsleşik geçirildi. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilýän bu bäsleşigiň maksady talyplaryň nazaryýetde alan bilimlerini nä derejede özleşdirip bilendigini barlamakdan, talyplaryň hünär taýýarlygyny, döredijilik ukybyny, öňdebaryjy ussat hünärmenleri taýýarlamagyň hil derejesini ýokarlandyrmakdan ybarat bolup durýar. Şeýle-de bäsleşik öz ugrundan ökde ýaş hünärmenleriň döremegine, olaryň ýüze çykarylmagyna itergi berer.

Maksatmyrat Jumaýew,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Söwda we telekeçilik ugrunyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy boýunça utgaşdyryjysy, Geňeşiň başlygy.