"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilimiň ak ýolunda

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem mynasyp işler amala aşyryldy. Welaýatymyzyň çäginde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurlup, ulanylmaga berlendigi, şeýle-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» hem-de bilim ulgamyna innowasiýalary giň gerimde ornaşdyrmak, mekdep okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleriň has düýpli öwrenilmegine höweslendirmek maksady bilen bilim ojaklarynda netijeli işleriň alnyp barlandygy buýsanç bilen bellärliklidir. Zehinli ýaşlarymyzyň «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama-döredijilik bäsleşikleriniň döwlet tapgyrlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy biz—bilim işgärlerini has-da guwandyrýar. Tamamlanyp barýan ýylda welaýatymyzyň Bäherden etrabynyň Akdepe obasynda 960 orunlyk orta mekdebiň, Gökdepe etrabynyň Nurly zaman we Köpetdagyň ýalkymy obalarynda 640 orunlyk orta mekdepleriň, 320 orunlyk çagalar baglarynyň, Kaka etrabynyň Garahan we Gowşut obalarynda 400 orunlyk orta mekdepleriň, Şükür bagşy obasynda 600 orunlyk orta mekdebiň we 320 orunlyk çagalar bagynyň, Tejen etrap merkezinde 320 orunlyk çagalar bagynyň, şeýle-de Sarahs etrabynyň Berkarar oba

Türkmenistan — ÝUNESKO: bilim ulgamy durnukly ösüş ýolunda

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň bilelikde guramagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp «Türkmenistan — ÝUNESKO: bilim ulgamy durnukly ösüş ýolunda” atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Bitarap Watanymyzda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan beýik işler, şonuň ýaly-da, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ýola goýulýar. Müňýyllyklardan biziň günlerimize gelip ýeten maddy we medeni mirasymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan hasaba alynmagynyň taryhy ähmiýete eýe bolandygy barada buýsanç bilen bellenildi. Çykyşlarda bu babatda ählitaraplaýyn tagallalary edýän we mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklar beýan edildi.

Kämilligiň gözbaşy

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen birlikde milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň çäklerinde bilim ulgamy maksatnamalaýyn esasda ösdürilýär, onuň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Şu ýylyň 30-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine seredildi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralarynyň hereket etmeginiň şertlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, bilim işine döwlet akkreditasiýasy amallaryny ornaşdyrmak boýunça degişli resminamalaryň kabul edilmegi barada işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Ýaşlarymyzyň döredijilik üstünlikleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Iň gymmatly hazyna terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Ata-babalarymyz ýaş nesliň edep-terbiýesine, bilimine, beden saglygyna we ruhy kämilligine uly üns beripdir. Edep-terbiýe, ylym-bilim hemişe ynsanyň bedeninde sazlaşykda bolýar. Ylym-bilim giň umman ýaly aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýär. Döwrebap bilim ojagy bolan Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaşlara şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda bilim berilýär. Olaryň bilim, terbiýe almaklary, hünär öwrenmekleri üçin şertler döredilendir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda talyp ýaşlarymyzyň ylmy döredijilikde, halkara ders we döwlet bäsleşiklerinde gazanan üstünlikleri buýsandyrýar. Akademiýamyzda ýola goýlan halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ýokary derejede alnyp barylmagy bilim-terbiýe berýän mugallymlary tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.

Belent maksatlaryň rowaçlygy

Garaşsyz Watanymyzda ýaşlaryň eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döwrebap ylym-bilim almagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde hem-de dünýä giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmakda ýaşlaryň uly ornunyň bardygyny, ýaşlar syýasatynyň döwlet strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellemek zerurdyr.

Kämil nesil kemala gelýär

Ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli we terbiýeli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Döredijilikli halal zähmet, adam, jemgyýet, döwlet sazlaşygyny emele getirýär. Ýaş raýatlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmegi, ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döredýär. Olarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmäge, watansöýüjilige, ynsanperwerlige, zähmete bolan söýgini terbiýeleýär. Gazanylýan üstünliklerde mähriban halkymyzyň, aýratyn-da, ýaşlaryň hyzmaty uly. Eziz Watanymyz bilimler ýurdudyr. Ýurdumyzda ýaşlarymyzyň köpugurly bilim almaklary, ylmy gözlegler bilen meşgullanmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli şertler döredilendir.

Köňül kelamy

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Şeýle beýik ösüşlere goşant goşmak hyjuwy ýaşlarymyzy bilim öwrenmäge, kämil hünärmenler bolup kemala gelmäge, döredijilige ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler aýratyn many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiz 27-nji dekabrda Aşgabat şäherinde, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty, sergileri we dabaralary ýokary derejede hem-de guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly Karara gol çekdi. Bu döwletli Karar ähli ildeşlerimizi, esasan hem ýaşlary tüýs ýürekden buýsandyrdy. Bu günki ýaşlaryň kalbynda buýsanç, ylym-bilim öwrenmäge we öz ukyp-başarnyklaryny işde, döredijilikde peýdalanmaga uly höwes bar. Eziz Diýarymyzda ýaşlarymyzyň okamak, hünär öwrenmek mümkinçiligi barha kämilleşýär.

Ýaşlaryň bagtyýarlygyny nazarlaýan netijeli işler

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda we halkara giňişliginde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine türkmen ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (СOP-28) çäklerinde geçirilen «Ýaşlar we bilim: Howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýaşlaryň mümkinçilikleri» atly çäresine türkmen ýaşlarynyň gatnaşmaklary dünýä jemgyýetçiliginde ýaşlaryň başlangyçlaryna uly orun berilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Röwşen geljegiň şuglasy

Ýurdumyzda ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda kämil nesli kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaş nesliň kämil bilim almagyna, döretmegine, zähmet çekmegine, Garaşsyz döwletimize ak ýürekden gulluk etmegine ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar ýurduň guwanjydyr, buýsanjydyr. Şonuň üçinem ýaş nesilleri terbiýelemäge hemişe uly üns berýän halkymyz bu ugurda uly işleri durmuşa geçirýär.

Innowasion özgertmeleriň rowaç ýollary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu gün Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle uly üns berilýär. Ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ýörite kanunlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň kanunçylygy ýaşlaryň durmuş-ykdysady, syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny doly kepillendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmek, bu ulgamdaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn ähmiýet berilýär.

Ykbalymyz bagtdan paýly

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni şanly ösüşlere, şatlykly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan ýurdumyzda halkymyzyň abadan durmuşyna, röwşen geljegine gönükdirilen taryhy özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmek ugruna degişli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnamalardan gelip çykýan meýilnamalara laýyklykda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, obalary şäher derejesinde özgertmek, ýurdumyzy senagat, innowasion taýdan ösdürmek esasy maksat edilip goýuldy. Bu amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, ylym-bilim edaralarynyň, medeniýet ojaklarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk we sport merkezleriniň, senagat ähmiýetli binalaryň ençemesi gurlup, ulanmaga berilýär. Bu üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni bagtyýarlyga, rowaçlyklara, taryhy ýeňişlere, üstünliklere beslenip, baky Bitarap ýurdumyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä dolýar.

Sanly bilim ulgamy kämilleşdirilýär

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek işleriniň alnyp barylmagy we bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işiniň yzygiderli dowam etdirilmegi berilýän bilimiň döwrebap bolmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri çözmekde innowasion senagatlaşmak ýörelgeleri ileri tutulýar. Döwletimizde durmuş-ykdysady iri maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň tejribe-synag binýadyny pugtalandyrmak, ylmy-barlaglary geçirmek üçin olaryň häzirki zaman enjamlar, awtomatlaşdyrylan serişdeler we hasaplaýyş tehnikalary, materiallar we beýleki zerur şertler bilen üpjünçiligi pugtalandyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň ylmy işlere çekilmegine örän amatly şertler döredilýär. Şunuň netijesinde halk hojalygynyň uçdantutma ähli pudaklarynyň ylmy esasda ösüşine täze badalga berildi, tejribe-synag we tehnologik işleriň gerimi giňeldildi. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady ýylsaýyn pugtalandyrylýar.

Çagalar bagynda körpeleri terbiýelemegiň täsirli usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen eziz Diýarymyz uly ösüşlere eýe bolýar. Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň ylym-bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işleri kämilleşdirilýär, bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär. Mekdebe çenli bilim hem-de terbiýe bermegiň usulyýeti, okuw maksatnamalary, okuw kitaplary we gollanmalar yzygiderli kämilleşdirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň hünär derejesi yzygiderli ýokarlandyrylýar. Maşgalanyň, bilim ojaklarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň özara sazlaşykly gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, maksatnamalaýyn işler ýola goýulýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, bu ugry yzygider ösdürmäge, ösen ýurtlaryň tejribesini öwrenmäge we ornaşdyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Döwrebap mümkinçilikler

Ýurdumyzda ene dilimizi öwrenmek bilen birlikde, daşary ýurt dilleriniň ençemesini ýaşlara çuňňur öwretmäge berilýän üns has-da buýsandyryjydyr. Ýaş nesliň sözleýiş dil baýlygynyň kämil bolmagy, beýleki dilleri bilmegi hünär öwrenmekde, medeni we ykdysady gatnaşyklaryň üstünliklere beslenmeginde hem ähmiýeti diýseň uludyr. Ene dilimizi ýaş nesle edebi diliň kadalaryna laýyklykda öwretmek bolsa mugallymlaryň esasy borjudyr. Ýaşlara ene dilimiz bilen bilelikde daşary ýurt dillerini öwretmek möhüm ugurlaryň biridir. Mugallym okuwçylara özbaşdak iş edip sapakdan daşary dil öwretmek, dünýä dillerindäki ertekileri okamagy öý işi hökmünde tabşyrmak oňyn netijesini berýär. Munuň özi okuwçylaryň dünýä dillerini oňat özleşdirmeklerine ýardam berýär.

Kämillik terbiýeden başlanýar

«Perzent bir daragt bolsa, kökleri ata-enedir. Daragtyň miwesi-de, saýasy-da köklerine baglydyr. Perzent çeşme bolsa, ene-ata onuň gözbaşydyr. Çeşmäniň durulygy, suwunyň arassalygy-da gözbaşyna baglydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz hemişe nesil terbiýesine, watansöýüji, jemgyýete, ene-ata, maşgala wepaly ýaşlary kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu baradaky pikir-garaýyşlaryny, gymmatly maslahatlaryny öz ajaýyp eserlerinde giňden beýan edýär. Şunda Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly kitaplarynda getirilýän maglumatlaryň, öwüt-ündewleriň nesil terbiýesinde möhüm ähmiýete eýedigini bu gün hemmeler ykrar edýär. Çünki ýaşlykdan dogry hem dürs berlen terbiýe ynsanyň dünýä we durmuşa bolan garaýyşlarynyň özenini düzýär. «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi» atly bölüminde hormatly Arkadagymyz döwlet sütünleriniň berk bolmagy üçin nesilleriň terbiýesi meselesine juda jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtaýar. Terbiýe bermek bolsa, ilki bilen, görelde görkezmekden başlanýar. Şu babatda akyldarlaryň biriniň çagalary terbiýelemekden ozal, ene-atalaryň özlerini terbiýeläp, soňra olara asylly görelde görkezmelidikleri baradaky pikiri bilen ylalaşmaz

Halkara olimpiadadan medallar

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, ylym döredijilik, sport bilen meşgullanmagy ugrunda uly işler edilýär. Türkmen ýaşlarynyň halkara derejedäki olimpiadalarda we ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri hem şol tagallalaryň miwesidir. 16 — 18-nji dekabr aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen «INFOMATRIX-ASIA 2023» atly halkara IT taslama bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda türkmenistanly mekdep okuwçylary baýrakly orunlaryň 19-syna, ýagny 1 baş baýraga, 2 altyn, 3 kümüş we 13 bürünç medallara mynasyp boldular. Olaryň arasynda Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň hem 7-si bar. «Ýeralma galyndylaryndan emeli ýagdaýda maýa kömeleginiň alnyşy» atly ylmy işi bilen ekologiýa ugrunda bäsleşen 10-njy synp okuwçymyz Mähriban Şöhradowa halkara olimpiadanyň altyn medalyna mynasyp boldy. 11-nji synp okuwçylarymyz Selbi Orazgeldiýewa bilen Humaý Garlyýewanyň üzärligiň tohumyndan alkoloid almak we ony derman senagatynda ulanmak bilen baglanyşykly taslamasy bolsa bürünç medala mynasyp görüldi. «Emeli aňy ulanmak arkaly şahsyýeti tanamak we hasaba almak» diýen taslama işini taýýarlan 11-nji synp okuwçymyz Selim Jomartow bilen 9-njy synpda bilim alýan Hakberdi Orazow hem olimpiadada bürünç medallary gazandylar. Selim Jomartowyň «Ula horm

Milli bilim ulgamy: täze eýýamyň bilimli nesilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeler amala aşyrylýar, ajaýyp ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem üstünlikli ösdürilýär. Munuň özi ýaş türkmenistanlylaryň täze taryhy döwürde kämil bilim alyp, ylym öwrenip, ösüşlere mynasyp goşant goşmaga bolan hyjuwyny we ynamyny has-da artdyrýar. Mälim bolşy ýaly, milli ösüşimiziň täze tapgyrynda bilim özgertmeleri ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýär. Muňa uly üstünlikler bilen tamamlanyp barýan ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy we bilim ulgamynda ýetilen sepgitler aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, obadyr şäherlerde dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdeplerdir çagalar baglary, aň-bilim we döredijilik merkezleri yzygiderli gurulýar, olar döwrebap okuw tehnologiýalary, interaktiw-multimedia enjamlary bilen üpjün edilýär. Has takygy, diňe şu ýylyň özünde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde çagalar baglarynyň 13-si, orta mekdepleriň bolsa 19-sy açylyp ulanmaga berildi. 1-nji synpa kabul edilen körpelere bolsa hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan noutbuk kompýuterleri sowgat berildi.

Öňdebaryjy tejribeler täze üstünliklere badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar günlerinde türkmen perzendini asylly sypatlarda kemala getirmek wezipesi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň mekdebe çenli bilim we terbiýe işi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň gowulandyrylmagyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, okuw-terbiýeçilik ileriniň usulyýetiniň baýlaşdyrylmagyna şol sanda bilim işgärleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan hem nesilleri terbiýelemegiň ylmy esaslaryna daýanýan milli pedagogikanyň usulyýeti çuňňur öwrenilýär we tejribeler arkaly berkidilýär. Ýurdumyzda bagtyýar nesillerimizi döwrüň ruhuna laýyk häsiýetde, milli esasda kemala getirmekde köp asyrlaryň synagyndan geçen terbiýeçilik däplerine, türkmeniň döwletlilik ýörelgesine eýerilýär. Bu usullaryň giňden peýdalanylmagy bolsa alnyp barylýan işiň mazmuny baýlaşdyrylyp, onuň maksadalaýyk bolmagyny üpjün edýär.  Şeýlelikde döwletiň geljekki eýeleri bolan gujur-kuwwatly, edep-ekramly, ylym-bilimli, il-ýurdyna, öz topragyna wepaly perzentler ýetişýär. Biz hem öz çagalar bakja-bagymyzda alnyp barylýan okuw-usulyýet, terbiýeçilik-guramaçylyk işlerimizi meýilnamalaýyn esasda ýola goýup, mähriban çagalarymyza sowat öwretmekde, terbiýe bermekde döwrebap terbiýeçilik pedagogikasyndan peýdalanýarys.

Ýaş zehinleriň halkara üstünligi

Şu ýylyň 16 — 18-nji dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň goldamagynda, «Bilim — innowasiýa» halkara jemgyýetçilik gaznasy tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýylda guralýan «INFOMATRIX-ASIA» halkara IT taslama bäsleşigi geçirildi. Abraýly bäsleşige gatnaşyjylar taslama işi bilen internet arkaly hasaba alyndy. Bäsleşige 10 ugur boýunça 10 ýurtdan 184 taslama işi bilen 450 okuwçy gatnaşdy. Türkmenistandan jemi 18, şol sanda Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatdan 8, 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepden 7, 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepden 3 okuwçy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Paýtagtymyzda döwrebap şertleriň gurşawynda okap, dünýä ülňülerine laýyk bilim alýan zehinli ýaşlarymyz halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Medine Akmyradowa bäsleşikde baş baýraga we altyn medala mynasyp boldy. Şol mekdepden 11-nji synp okuwçylary Yhlasmyrat Alymuhammedow, Oguzhan Mergenow, Çary Akmyradow, Döwran Annamämmedow, Kerem Seýdiýew, Abdyrahym Akynyýazow we 10-njy synp okuwçysy Kerimberdi Myratlyýew bürünç medallary eýelediler. 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Mähriban Şöhradowa hem bäsleşikde altyn medal gazandy. Şol

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Ýurdumyzda bilim özgertmeleriniň çäklerinde okatmagyň döwrebap usullaryny ornaşdyrmak, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, ulgamy sanlylaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça tutumly işler amala aşyrylýar. Şeýle işleriň netijesinde ylymly-bilimli, hünärli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlar kemala gelýär. Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge uly ünsüň berilmegi geljekde ähli ugurlarda beýik ösüşleri, belent üstünlikleri gazanmak baradaky aladany özünde jemleýär. «Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýilmegi hem şundan ugur alýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr» diýen sözleri munuň subutnamasydyr. Dil öwrenmek ruhy dünýämizi baýlaşdyrmak bilen, dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny öwrenmäge giň mümkinçilikleri berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda daşary ýurt dillerini, şeýle hem tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýalaryna laýyklykda, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini kämil derejede öwrenmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdepler açylyp, olara innowasion dil öwreniş usullary ornaşdyrylýar.