Ýaş zehinleriň halkara üstünligi

22 Dekabr 2023
741

Şu ýylyň 16 — 18-nji dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň Bilim ministrliginiň goldamagynda, «Bilim — innowasiýa» halkara jemgyýetçilik gaznasy tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýylda guralýan «INFOMATRIX-ASIA» halkara IT taslama bäsleşigi geçirildi.

Abraýly bäsleşige gatnaşyjylar taslama işi bilen internet arkaly hasaba alyndy. Bäsleşige 10 ugur boýunça 10 ýurtdan 184 taslama işi bilen 450 okuwçy gatnaşdy. Türkmenistandan jemi 18, şol sanda Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatdan 8, 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepden 7, 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepden 3 okuwçy bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Paýtagtymyzda döwrebap şertleriň gurşawynda okap, dünýä ülňülerine laýyk bilim alýan zehinli ýaşlarymyz halkara bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Medine Akmyradowa bäsleşikde baş baýraga we altyn medala mynasyp boldy. Şol mekdepden 11-nji synp okuwçylary Yhlasmyrat Alymuhammedow, Oguzhan Mergenow, Çary Akmyradow, Döwran Annamämmedow, Kerem Seýdiýew, Abdyrahym Akynyýazow we 10-njy synp okuwçysy Kerimberdi Myratlyýew bürünç medallary eýelediler. 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Mähriban Şöhradowa hem bäsleşikde altyn medal gazandy. Şol mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Rejepmämmet Bäbişow, 9-njy synp okuwçylary Osman Gylyjow, Hakberdi Orazow, 11-nji synp okuwçylary Selim Jomartow, Humaý Garlyýewa we Selbi Orazgeldiýewa bürünç medallara, şeýle-de 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Suhan Nowbatow, 10-njy synp okuwçylary Hajyguly Annamämmedow, Dawut Täçmyradow kümüş medallara mynasyp boldy. Şeýlelikde, milli toparymyz 1 baş baýrak, 2 altyn, 3 kümüş, 13 bürünç medal gazanyp, jemi 19 sany baýrakly orny eýelemegiň hötdesinden geldi.

(Ýörite habarçymyz).
Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.