Köňül kelamy

24 Dekabr 2023
958

Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşlere beslenýär, belent maksatlar rowaçlanýar. Şeýle beýik ösüşlere goşant goşmak hyjuwy ýaşlarymyzy bilim öwrenmäge, kämil hünärmenler bolup kemala gelmäge, döredijilige ruhlandyrýar. Şonuň üçin hem häzirki döwürde ýaşlar üçin döredilýän giň mümkinçilikler aýratyn many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiz 27-nji dekabrda Aşgabat şäherinde, Söwda-senagat edarasynyň binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty, sergileri we dabaralary ýokary derejede hem-de guramaçylykly geçirmek bilen baglanyşykly Karara gol çekdi. Bu döwletli Karar ähli ildeşlerimizi, esasan hem ýaşlary tüýs ýürekden buýsandyrdy.

Bu günki ýaşlaryň kalbynda buýsanç, ylym-bilim öwrenmäge we öz ukyp-başarnyklaryny işde, döredijilikde peýdalanmaga uly höwes bar. Eziz Diýarymyzda ýaşlarymyzyň okamak, hünär öwrenmek mümkinçiligi barha kämilleşýär.

Gözel AHMEDOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň öwreniji mugallymy.