Türkmenistan — ÝUNESKO: bilim ulgamy durnukly ösüş ýolunda

26 Dekabr 2023
686

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň bilelikde guramagynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna bagyşlanyp «Türkmenistan — ÝUNESKO: bilim ulgamy durnukly ösüş ýolunda” atly aýdym-sazly dabara geçirildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Bitarap Watanymyzda dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda alnyp barylýan beýik işler, şonuň ýaly-da, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk işjeň ýola goýulýar. Müňýyllyklardan biziň günlerimize gelip ýeten maddy we medeni mirasymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan hasaba alynmagynyň taryhy ähmiýete eýe bolandygy barada buýsanç bilen bellenildi. Çykyşlarda bu babatda ählitaraplaýyn tagallalary edýän we mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklar beýan edildi.

Gurbanbibi NEPESOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň geografiýa kafedrasynyň mugallymy.