Bilimiň ak ýolunda

26 Dekabr 2023
481

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda hem mynasyp işler amala aşyryldy. Welaýatymyzyň çäginde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen bilim-terbiýeçilik edaralarynyň gurlup, ulanylmaga berlendigi, şeýle-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» hem-de bilim ulgamyna innowasiýalary giň gerimde ornaşdyrmak, mekdep okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleriň has düýpli öwrenilmegine höweslendirmek maksady bilen bilim ojaklarynda netijeli işleriň alnyp barlandygy buýsanç bilen bellärliklidir. Zehinli ýaşlarymyzyň «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders we taslama-döredijilik bäsleşikleriniň döwlet tapgyrlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy biz—bilim işgärlerini has-da guwandyrýar.

Tamamlanyp barýan ýylda welaýatymyzyň Bäherden etrabynyň Akdepe obasynda 960 orunlyk orta mekdebiň, Gökdepe etrabynyň Nurly zaman we Köpetdagyň ýalkymy obalarynda 640 orunlyk orta mekdepleriň, 320 orunlyk çagalar baglarynyň, Kaka etrabynyň Garahan we Gowşut obalarynda 400 orunlyk orta mekdepleriň, Şükür bagşy obasynda 600 orunlyk orta mekdebiň we 320 orunlyk çagalar bagynyň, Tejen etrap merkezinde 320 orunlyk çagalar bagynyň, şeýle-de Sarahs etrabynyň Berkarar obasynda 600 orunlyk orta mekdebiň täze, döwrebap binalarynyň toý ruhunda açylyp, ýaş nesle we bilim işgärlerine sowgat edilmegi ýatdan çykmajak şatlykly wakalar hökmünde ýatda galdy. Bu gün şol bilim-terbiýeçilik ojaklarynda ýaşlarymyz bilim alýarlar, körpelerimiz watansöýüjilik ruhunda terbiýelenýärler.

Arslan MÄMMEDOW,
Sarahs etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň müdiriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.