Ykbalymyz bagtdan paýly

24 Dekabr 2023
513

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni şanly ösüşlere, şatlykly wakalara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşleriň täze belentliklerine tarap ynamly barýan ýurdumyzda halkymyzyň abadan durmuşyna, röwşen geljegine gönükdirilen taryhy özgertmeler amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösdürmek ugruna degişli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Bu maksatnamalardan gelip çykýan meýilnamalara laýyklykda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy, obalary şäher derejesinde özgertmek, ýurdumyzy senagat, innowasion taýdan ösdürmek esasy maksat edilip goýuldy. Bu amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, ylym-bilim edaralarynyň, medeniýet ojaklarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň, saglyk we sport merkezleriniň, senagat ähmiýetli binalaryň ençemesi gurlup, ulanmaga berilýär. Bu üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň gözbaşynda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni bagtyýarlyga, rowaçlyklara, taryhy ýeňişlere, üstünliklere beslenip, baky Bitarap ýurdumyzyň abraý-mertebesi, şan-şöhraty dünýä dolýar.

Abdysapa ÖWEZLIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.