Milli bilim ulgamy: täze eýýamyň bilimli nesilleri

22 Dekabr 2023
648

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeler amala aşyrylýar, ajaýyp ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem üstünlikli ösdürilýär. Munuň özi ýaş türkmenistanlylaryň täze taryhy döwürde kämil bilim alyp, ylym öwrenip, ösüşlere mynasyp goşant goşmaga bolan hyjuwyny we ynamyny has-da artdyrýar.

Mälim bolşy ýaly, milli ösüşimiziň täze tapgyrynda bilim özgertmeleri ýaşlar baradaky döwlet syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýär. Muňa uly üstünlikler bilen tamamlanyp barýan ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy we bilim ulgamynda ýetilen sepgitler aýdyň şaýatlyk edýär. Hususan-da, paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, obadyr şäherlerde dünýä ülňülerine laýyk gelýän mekdeplerdir çagalar baglary, aň-bilim we döredijilik merkezleri yzygiderli gurulýar, olar döwrebap okuw tehnologiýalary, interaktiw-multimedia enjamlary bilen üpjün edilýär. Has takygy, diňe şu ýylyň özünde täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde çagalar baglarynyň 13-si, orta mekdepleriň bolsa 19-sy açylyp ulanmaga berildi. 1-nji synpa kabul edilen körpelere bolsa hormatly Prezidentimiziň we Milli Liderimiziň adyndan noutbuk kompýuterleri sowgat berildi.

Ogulkeýik NURBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.