Ýaşlaryň bagtyýarlygyny nazarlaýan netijeli işler

24 Dekabr 2023
861

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzda we halkara giňişliginde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine türkmen ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ýakynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (СOP-28) çäklerinde geçirilen «Ýaşlar we bilim: Howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýaşlaryň mümkinçilikleri» atly çäresine türkmen ýaşlarynyň gatnaşmaklary dünýä jemgyýetçiliginde ýaşlaryň başlangyçlaryna uly orun berilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.