Sungatyň perwanasy

7 Fewral 2024
630

Bagtyýar ýaşaýşa guwanç, arzyly käre söýgi ynsanyň ýüreginde müdimilik ornaşan duýgularyň ummanyndan syzylýar. Mähir-muhabbete eýlenen şol duýgulary oýaryp, näzik kalplara şatlyk eçilýän sungatyň syrly güýji oňa gulluk edip ýaşaýanlaryň baky hemrasy.

erki etrabynyň medeniýet merkeziniň direktory Ogulkeýik Penjiýewa üçin sungat ykbalyň aýrylmaz bölegi. Onuň bu ugra bolan höwesi çagalyk ýyllarynda döreýär. Aýdym-saza höwesli gyzjagaz deň-duşlary bilen oýnaýan oýunlaryny hökman ene-mamasynyň gulagyna guýan halk döredijiligi bilen baglanyşdyrardy. Ol çagalyk ýyllarynda türkmen toýlarynda aýdylýan aýdymlary, tanslary höwes bilen ýerine ýetirip, hossarlarynyň göwnüni awlamakdan ruhy lezzet alýardy. Tebigy zehinini aňan daýysy Saparguly Akmyradow akkordeonda saz çalyp, ýegenine körpeliginden aýdym aýtmaklygyň inçe tärlerini öwredip başlaýar. Zehinli gyzjagaz radioýaýlymlarda Bibi Welmyradowanyň, Gurbansoltan Nurýagdyýewanyň ýerine ýetiren aýdymlaryny höwes bilen diňläp, gaýtalap-gaýtalap öwrenerdi.

Mahym ROZYÝEWA.