Öňdebaryjy tejribeler täze üstünliklere badalga

22 Dekabr 2023
521

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bagtyýar günlerinde türkmen perzendini asylly sypatlarda kemala getirmek wezipesi ýurdumyzyň bilim ulgamynyň mekdebe çenli bilim we terbiýe işi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçin hem häzirki wagtda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy enjamlaýyn binýadynyň gowulandyrylmagyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna, okuw-terbiýeçilik ileriniň usulyýetiniň baýlaşdyrylmagyna şol sanda bilim işgärleriniň hünär derejesiniň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan hem nesilleri terbiýelemegiň ylmy esaslaryna daýanýan milli pedagogikanyň usulyýeti çuňňur öwrenilýär we tejribeler arkaly berkidilýär.

Ýurdumyzda bagtyýar nesillerimizi döwrüň ruhuna laýyk häsiýetde, milli esasda kemala getirmekde köp asyrlaryň synagyndan geçen terbiýeçilik däplerine, türkmeniň döwletlilik ýörelgesine eýerilýär. Bu usullaryň giňden peýdalanylmagy bolsa alnyp barylýan işiň mazmuny baýlaşdyrylyp, onuň maksadalaýyk bolmagyny üpjün edýär.  Şeýlelikde döwletiň geljekki eýeleri bolan gujur-kuwwatly, edep-ekramly, ylym-bilimli, il-ýurdyna, öz topragyna wepaly perzentler ýetişýär. Biz hem öz çagalar bakja-bagymyzda alnyp barylýan okuw-usulyýet, terbiýeçilik-guramaçylyk işlerimizi meýilnamalaýyn esasda ýola goýup, mähriban çagalarymyza sowat öwretmekde, terbiýe bermekde döwrebap terbiýeçilik pedagogikasyndan peýdalanýarys.