Kämilligiň gözbaşy

26 Dekabr 2023
709

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen birlikde milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasatynyň çäklerinde bilim ulgamy maksatnamalaýyn esasda ösdürilýär, onuň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Şu ýylyň 30-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerine seredildi. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, bilim edaralarynyň hereket etmeginiň şertlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, bilim işine döwlet akkreditasiýasy amallaryny ornaşdyrmak boýunça degişli resminamalaryň kabul edilmegi barada işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Meýrem DURDYMYRADOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň elektrik üpjünçiligi we awtomatika kafedrasynyň öwreniji mugallymy.