Kämillik terbiýeden başlanýar

23 Dekabr 2023
623

«Perzent bir daragt bolsa, kökleri ata-enedir. Daragtyň miwesi-de, saýasy-da köklerine baglydyr. Perzent çeşme bolsa, ene-ata onuň gözbaşydyr. Çeşmäniň durulygy, suwunyň arassalygy-da gözbaşyna baglydyr» diýýän Gahryman Arkadagymyz hemişe nesil terbiýesine, watansöýüji, jemgyýete, ene-ata, maşgala wepaly ýaşlary kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu baradaky pikir-garaýyşlaryny, gymmatly maslahatlaryny öz ajaýyp eserlerinde giňden beýan edýär. Şunda Milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» ýaly kitaplarynda getirilýän maglumatlaryň, öwüt-ündewleriň nesil terbiýesinde möhüm ähmiýete eýedigini bu gün hemmeler ykrar edýär. Çünki ýaşlykdan dogry hem dürs berlen terbiýe ynsanyň dünýä we durmuşa bolan garaýyşlarynyň özenini düzýär.

«Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi» atly bölüminde hormatly Arkadagymyz döwlet sütünleriniň berk bolmagy üçin nesilleriň terbiýesi meselesine juda jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtaýar. Terbiýe bermek bolsa, ilki bilen, görelde görkezmekden başlanýar. Şu babatda akyldarlaryň biriniň çagalary terbiýelemekden ozal, ene-atalaryň özlerini terbiýeläp, soňra olara asylly görelde görkezmelidikleri baradaky pikiri bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Sebäbi çaga aýdylany däl-de, görenini edýär. Çaga ene-atasyndan, maşgala agzalaryndan ilkinji sözleri, ilkinji hereketleri öwrenýär we öýde olara meňzemäge çalyşýar. Ynsanda ýaşlykdan kemala gelen endikleriň wagtyň geçmegi bilen häsiýet derejesinde kämilleşmek mümkinçiliginiň bardygy bolsa subut edilen hakykatdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitapda çagalykda öwredilen düşünjeleriň, edep kadalarynyň, özüňi alyp barmagyň düzgünleriniň olaryň aňyna ýazylýandygyny, aňyňa ýazylan zadyň bolsa alnyňa ýazylan zada eltýändigi barada beýan edýän pikirleri okyjylarda aýratyn gyzyklanma döredip, hut şol ynanjyň hem ata-babalarymyzyň edep-terbiýe mekdepleriniň esasy gönezligi bolup hyzmat edendigine aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Şemşat TATOWA,
Aşgabat şäherindäki 46-njy orta mekdebiň müdiri.