Innowasion özgertmeleriň rowaç ýollary

24 Dekabr 2023
724

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli durmuş-ykdysady özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu gün Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle uly üns berilýär.

Ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmek babatda zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzyň ýörite kanunlarynda we maksatnamalarynda öz beýanyny tapýar. Türkmenistanyň kanunçylygy ýaşlaryň durmuş-ykdysady, syýasy hukuklaryny we azatlyklaryny doly kepillendirýär. Şunuň bilen baglylykda, ýaş hünärmenleri iş bilen üpjün etmek, bu ulgamdaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine aýratyn ähmiýet berilýär.

Gunça IŞANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly mugallymy.