Röwşen geljegiň şuglasy

24 Dekabr 2023
662

Ýurdumyzda ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Häzirki döwürde ýurdumyzda kämil nesli kemala getirmekde alnyp barylýan işler dünýä nusgalykdyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaş nesliň kämil bilim almagyna, döretmegine, zähmet çekmegine, Garaşsyz döwletimize ak ýürekden gulluk etmegine ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar ýurduň guwanjydyr, buýsanjydyr. Şonuň üçinem ýaş nesilleri terbiýelemäge hemişe uly üns berýän halkymyz bu ugurda uly işleri durmuşa geçirýär.

Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.