Sanly bilim ulgamy kämilleşdirilýär

24 Dekabr 2023
677

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Diýarymyzda sanly bilim ulgamyny kämilleşdirmek işleriniň alnyp barylmagy we bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işiniň yzygiderli dowam etdirilmegi berilýän bilimiň döwrebap bolmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri çözmekde innowasion senagatlaşmak ýörelgeleri ileri tutulýar.

Döwletimizde durmuş-ykdysady iri maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriniň tejribe-synag binýadyny pugtalandyrmak, ylmy-barlaglary geçirmek üçin olaryň häzirki zaman enjamlar, awtomatlaşdyrylan serişdeler we hasaplaýyş tehnikalary, materiallar we beýleki zerur şertler bilen üpjünçiligi pugtalandyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýaşlaryň ylmy işlere çekilmegine örän amatly şertler döredilýär. Şunuň netijesinde halk hojalygynyň uçdantutma ähli pudaklarynyň ylmy esasda ösüşine täze badalga berildi, tejribe-synag we tehnologik işleriň gerimi giňeldildi. Ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýady ýylsaýyn pugtalandyrylýar.

Berdimyrat ŞIRIMOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.