"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Döwrebap özgertmeler

Ýurdumyzyň ösüşinde ylym-bilim ulgamyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Esasan hem, bilim öwretmekde, sapaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Şunda döwrebap bilimleriň, pedagogikanyň hem ösdürilýändigini bellemegimiz gerek. Munuň özi bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.

Täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň obadyr şäherlerinde durmuş maksatly desgalar bilen bir hatarda, döwrebap bilim edaralary hem gurlup ulanylmaga berilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdeplerini, çagalar baglaryny, dynç alyş-sagaldyş merkezlerini giň gerimde gurup ulanmaga berýäris. Bu bolsa ýaşlarymyza dünýä derejesinde bilim bermäge mümkinçilik döredýär» diýip belleýär. Eziz Diýarymyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle hem beýleki maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň, sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, milli bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine çykarmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär, sanly b

Dil bilmegiň ähmiýeti

Adamyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda we ösen jemgyýetçilik aňynyň kemala gelmeginde daşary ýurt dillerini kämil öwrenmegiň ähmiýeti gitdigiçe ýokarlanýar. Sebäbi gaýry dilleriň kömegi bilen dürli halkyň medeniýetini, däp-dessuryny, taryhy özboluşlylygyny öwrenmäge giň mümkinçilikler döreýär. Şu maksatlar göz öňünde tutulyp, bilim ulgamynda daşary ýurt dillerini kämil öwrenmek möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Häzirki wagtda hytaý, ýapon, fransuz, nemes we beýleki daşary ýurt dilleri halkara gatnaşyklarynda giňden ulanylyp, bilim, ylym we medeni giňişlikdäki hereketi üpjün edýär.

Okuw sapaklarynda nusgawy edebiýatymyzdan peýdalanmak

Merdana halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri nesilden-nesle geçip, biziň häzirki ajaýyp döwrümize gelip ýeten milli mirasy, baý nusgawy edebiýaty, çeper döredijilik ýörelgeleri bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde baý nusgawy edebiýatymyz, onuň many-mazmuny ylmy esasda içgin we giňişleýin öwrenilýär. Çünki milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy, şonuň bilen bir hatarda baý nusgawy edebiýatymyzy giňden wagyz etmek, ony dünýä ýaýmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Biz okuw sapaklarymyzda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň döredijiligine ýygy-ýygydan, yzygiderli ýüzlenip durýarys. Sebäbi, türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiligi mekdep okuwçylaryny milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Galyberse-de, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň many-mazmuna baý bolan ajaýyp goşgulary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Şonuň netijesinde hem, şahyryň goşgularyny okuw sapaklarynda peýdalananymyzda, mekdep okuwçylary uly höwes bilen diňleýärler. Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik akyldar şahyrymyzyň goşgularyny edebiýatçylar, dilçiler, galyberse-de, dünýä alymlary hem ylmy esasda öwrenýärler.

Döredijilikli zähmet — manyly ömür (oçerk)

Bilim, bilimlilik dogrusynda gürrüň edileninde, ilki bilen, meniň ýadyma Gurbanmuhammet Çaryýew düşýär. Elbetde, «Gurbanmuhammet Çaryýew kimkä?» diýlen sowalyň sizi turuwbaşdan gyzyklandyrjakdygyny bilýärin. Ol 1959-nji ýylyň 25-nji iýunynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda doglan. Dünýä inen günleriniň Gurban aýyna gabat gelendigi üçin oňa şeýle adyň dakylandygy okyjylara düşnükli bolsa gerek. Ynsan ykbalynda her hili ýagdaýlar, hadysalar bolýar. Gurbanmyrat Çaryýewiň ýurduny täzelän wagty-da gurban aýyna gabat gelýär. Gurban aýynda dünýä inip, 61 ýaşynyň içinde gurban aýynda-da dünýäden gaýdan Gurbanmuhammet aga şol iki aralykdaky ömür ýolunyň aglaba bölegini bilim ulgamyna sarp etdi. Ol adaty obada ýaşaýan adamlaryň maşgalasynda dünýä inen çagady. Onuň kakasy Hojaguly aga üzümçilik bilen meşgullanan daýhan, ejesi Jumagül Çaryýewa bolsa öý hojalykçydy. Olar bir maşgalada dört dogan: Ýazmuhammet, Nurmuhammet, Gurbanmuhammet, Ogulsenem. Gurbanmuhammet çagalygyndan okuwa, kitaba aýratyn höwesekligi bilen ata-enesiniň ünsüni özüne çekmegi başarypdyr. Şonuň üçin hem ol orta mekdebi tamamlandan soňra 1976-njy ýylda Mary şäherindäki Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebine okuwa girmäge synanyşýar. Synaglardan üstünlikli geçibem, 1976 — 1979-njy ýyllar aralygynda şol mekdepde okap, başlangyç synplary okatmak boýunça mugallym hünäriniň eýesi bolýar. Okuwy tapawutlanan diplom

Dil öwrenmek möhüm wezipe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz ösüşiň we döredijiligiň, gurmagyň we kämilleşmegiň aýdyň ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe barýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlarymyzy dünýä derejesine laýyk gelýän ylymly-bilimli nesiller edip ýetişdirmek, giň gözýetimli ýaşlar edip terbiýelemek meselesi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Häzirki döwürde alnyp barylýan netijeli işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdýan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjüne uzamagy halklary biri-birine ýakynlaşdyrýar. Daşary döwletler bilen halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça aragatnaşygy mundan beýläk hem giňeltmek we ösdürmek üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil ýaşlary taýýarlamagyň zerurlygy ýüze çykýar. Halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti örän uludyr. Islendik adama saýlan ugry boýunça daşary ýurt dillerini öwrenmegiň zerurlygyny aýratyn bellemek gerek. Bu bolsa ene dilimiz bilen birlikde dünýä dille

Beýik menzillere çagyryş

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň döwrebap bilim we terbiýe alyp, eziz Watanymyza, halkymyza mynasyp hyzmat etmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyklykda kämilleşdirmek maksady bilen ägirt uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnamanyň tassyklanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bilim arkaly beýik geljegiň gurulýandygyna Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabynda aýratyn ünsi çekýär. Täze neşirde: «Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň, maddy enjamlaýyn binýadynyň berkidilmeginiň ýaşlaryň bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydygyny hiç wagt ýatdan çykarmaly däldiris. Çünki iň döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ak mekdeplerde ýaş nesiller bilim öwrenýärler, kämillik ýoluny geçýärler» diýlip bellenilýär.

Döredijilikde taplanýan zehin (Siziň deň-duşuňyz)

Pähim-parasatly halkymyz çeper söze, kitaba aýratyn gadyr goýýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bagtyýar nesillerimiziň ýankitabyna öwrülen «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle pähimli sözler bar: «Okamak — bereket, ýazmak — kuwwat, döretmek döwletdir». Bu çuň mazmunly sözlerden ruhlanýan ýaş nesillerimiz okaýarlar, döredýärler, döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolýarlar. Şeýle zehinli ýaşlaryň biri hem Ak bugdaý etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň okuwçysy Gülnur Annamyradowadyr. Gülnur hem ýaşlygyndan döredijilik dünýäsine içgin aralaşdy. Çeper edebiýatymyzyň meşhur eserleri, ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijilige ýugrulan ykballary okumyş gyzy biparh goýmady. Elbetde, «Köp okasaň, ýazasyň geler» diýlişi ýaly, Gülnurda hem ýazmak höwesi barha şinelemek, gol ýaýratmak bilen boldy. Muny döredijilik bilen gyzyklanýan gyzyň mekdepde ýazýan düzmelerine ýokary baha beren mugallymy hem derrew aňdy.

Sizi bular gyzyklandyrýarmy?

Salam, gadyrly çagalar! Durmuşda käte käbir sowallaryň jogaplaryny bilmek biziň üçin juda gyzykly bolýar. Bu sowallary özümizden ululardan soranymyzda hem, käte jogap tapman, ýaýdanýan pursatlary az bolmaýar. Geliň onda, şeýle sowallaryň käbirleriniň jogaby bilen tanyş bolalyň!

Sanly ulgam boýunça hünärmen bolasym gelýär

Topragy nurdan bolan berkarar Watanymyzda ýaşlara, ösüp gelýän ýaş nesillere giň ýol açylýar. Şöhratly taryhymyzdan möhüm orun alan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem muňa aýdyň mysaldyr. Geçen ýyl ýaşlaryň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň durmuşynda üstünlikli, ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, maňa hem döwlet we halkara derejelerindäki olimpiadalara gatnaşmak bagty nesip etdi. 2023-nji ýylyň mart aýynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde informatika dersinden döwlet derejesinde II orna, Polşa döwletinde geçirilen internet olimpiadasynda matematika dersinden II orna, şeýle-de iýul aýynda Russiýa Federasiýasynda mekdep okuwçylarynyň arasynda onlaýn görnüşinde geçirilen halkara olimpiadada informatika dersinden III orna we bürünç medala mynasyp boldum. Gazanýan üstünliklerimiziň sakasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň biz — ýaş nesiller üçin döredýän bimöçber mümkinçilikleri bar.

Bilimli ýaşlar kuwwatly Watanyň daýanjydyr

Ýurdumyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Muny bagtyýar çagalaryň terbiýelenmegi, okamagy, dynç almagy üçin döredilýän şertler, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, ulgamy sanlylaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan tutumly işler hem subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň ählitaraplaýyn ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň ýaly-da kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Ylym beýik ösüşlerimiziň hem üstünliklerimiziň berk binýady bolup durýar. Ýurdumyzda badalga berlen düýpli özgertmeleriň ylmy esaslandyrmalara daýanmagy geljekki ösüşleri şertlendirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belläp geçişi ýaly, “Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir”.

Ylym-bilimiň kämilligi – geljek nesliň kämil ösüşiniň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tarypy dünýä ýaňlanýan, raýatlarynyň sarpasy perişdä deňelýän Ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesi has-da belende göterilýär. Sabalarymyzy bagtyýar çagalaryň gülküsi, mährem eneleriň hüwdüsi, ak sakgally gojalaryň pähimi garşy alýar. Täze eýýamda ýaşlaryň netijeli okamagy, göwnejaý bilim almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Bilim ulgamyndaky gazanylan üstünlikler bolsa ähli ugurlardaky ösüşleriň we özgerişlikleriň hamyrmaýasydyr. Berkararlyk eýýamynyň bagtyýar hem-de abadan günleriniň kerwenini çekip barýan Ata Watanymyz bu günki gün belent ösüşleriň aýdyň ýoluna düşdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hili günsaýyn ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwrebap işler durmuşa geçirilýär. Gurulýan okuw-terbiýeçilik maksatly binalaryň sany barha artýar. Ençeme mekdeplerdir çagalar baglarynyň durky täzelenip, döwrebap keşbe getirilýär. Şolar bilen bir hatarda, ýaş nesliň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin häzirki zaman ösen tehnologiýalaryň, multimedia serişdeleriň, interaktiw usullaryň giňden peýdalanylmagy ýola goýulýar.

Dil – dostluk köprüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ylym-bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Esasan hem ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem dil öwrenmek boýunça dürli ugurlardan tejribe toplanylýar. Şeýlelikde, şu günki ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini suwara bilýärler, kämil hünärmenler bolup ýetişýärler. Häzirki zaman adamzat jemgyýetiniň ösüşinde dilleri öwretmegiň we özleşdirmegiň örän uly ähmiýeti bar. Daşary ýurtlaryň ösen tejribesini öwrenmekde, seljermekde, iň ygtybarlysyny durmuşa ornaşdyrmakda dil öwrenmäge uly orun degişlidir. “Dil bilen dünýäni gezer” diýen parasatly pikire uýan dana pederlerimiz diňe bir öz ene dilimizi däl, eýsem, beýleki dilleri öwrenmegiň hem möhümdigini nesillere öwüt edipdirler, çünki beýleki halklar bilen syýasy, ykdysady, medeni-sosial gatnaşyklary ösdürmekde we kämilleşdirmekde diliň örän uly ähmiýeti bardyr.

Innowasion bilimiň giň mümkinçilikleri

Ata Watanymyzyň milli bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän bilim edaralaryny, orta mekdepleri, çagalar baglaryny gurmak, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň bu ugurda amala aşyrýan tutumly işleriniň baş maksady bolmagynda galýar. Döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrülen bilim ulgamyny köptaraplaýyn ösdürmek we ony halkara derejä çykarmak babatda amal edilýän işler ylmyň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösüşine edýän täsirini ýokarlandyryp, ýaşlarymyzyň bäsdeşlige ukyply ylma eýe bolmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda döwrüň hem ylmyň talaplaryna we zerurlyklaryna laýyklykda, täze ugurly ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy, zerur bolan hünärleriň, talyplaryň sanynyň ýylsaýyn artdyrylmagy bilim ulgamynyň binýadynyň berkidilýändigini, şonuň bilen birlikde-de, döwlet durmuşynyň, jemgyýetiň ählitaraplaýyn döwrebaplaşýandygyny we kämilleşýändigini görkezýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagynyň mysalynda-da görmek bolýar.

Adatdan daşary akylly oglanjyk

12 ýaşly britaniýaly oglanjyk Chun Ming Leung dünýäniň iň akylly adamlarynyň kluby hasaplanylýan «Mensa» guramasyna kabul edildi. Ol munuň üçin IQ boýunça giriş synagyny tabşyryp, testiň mümkin bolan 162 utugyndan 160 utuk gazanmagy başardy. 12 ýaşly oglanjygyň IQ test boýunça görkezen netijesi Albert Eýnşteýniň, meşhur astrofizik Stiwen Hawkingiň görkezen netijeleri bilen deňdir.

Milli mirasa sarpa

Türkmen edebiýatynyň milli ýörelgeleri ýaş nesilleri terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Ajaýyp eserler ruhy hazyna bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlara akyldaryň döredijiligini öwretmek, giňden wagyz etmek baş maksadymyzdyr. Halkymyzyň şöhratly taryhynda asylly ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak möhümdir. Nusgawy edebiýatyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň eserleri bu ajaýyp gymmatlyga degişlidir. Şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan goşgulary diliniň çeperçiligi babatda kämillik mekdebidir. Munuň özi paýhasly sözleriň halk arasynda aýdyma, ýörgünli sözlere öwrülendigini aňladýar.

Belent maksatlar rowaçlanýar

Beýik ösüşler bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere aýratyn üns berilýär, ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan ylym-bilim özgertmeleri esasynda ýaşlaryň döwrebap bilim, terbiýe almagyna, hünär öwrenmegine giň ýol açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzda bilim sözüň doly manysynda, bagtyň çyragyna öwrüldi. Bu çyrag biziň ýolumyza, geljegimize şugla saçýar. Hawa, türkmenistanly ýaşlar okamak, mugallymlar bolsa okatmak bagtyna eýedirler. Aýratyn bellenilmeli ýeri-de, şeýle bagta eýe bolýanlaryň sanynyň, hatarynyň ýylyň-ýylyna artýanlygydyr.

Bilim özgertmeleri üstünliklere beslenýär

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň bedew batly ösüşlerini mundan beýläk-de dowam etmek üçin geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri esasy wezipeleriň biridir. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösmegine giň mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaş nesillerimiziň päk terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Häzirki wagtda giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Çünki ylym-bilim ähli ösüşleriň çeşmesi hasaplanylýar. Ýaşlaryň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, gowy okamagy, ökde hünärmen bolup ýetişmegi üçin döwletimiz ähli şertleri döredýär.

Döredijilikli zähmet — oňyn netije

Milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagynyň, şol sanda bilim ulgamynyň öňünde möhüm wezipeler goýulýar. Bilim ulgamynyň esasy wezipesi bilimli, terbiýeli, ösen aň-düşünjeli, sagdyn, ynsanperwer, zähmetsöýer ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr. Elbetde, bu wezipäniň üstünlikli çözülmegi, ilkinji nobatda, mugallymlara baglydyr. Häzirki zaman döwrebap bilim edaralarynyň gurulmagy, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy, ylmy taýdan esaslandyrylan okuw kitaplarynyň neşir edilmegi mugallymlara öz öňlerinde goýlan belent wezipelere ýetmäge giň mümkinçilik döredýär.

Sapakdan daşary çäreleriň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen birlikde ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler, öňegidişlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin olara döwrebap bilim-terbiýe bermekde bilim ojaklaryna ornaşdyrylan kompýuterler, multimedia tagtalary ýaly döwrebap sanly bilim tehnologiýalaryndan giňden peýdalanylýar. Çagalara döwrebap bilim-terbiýe bermekde, olaryň Watana wepalylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ahlak sypatlaryny ösdürmekde tejribeli mugallymlar geçirilýän sapaklaryň, synpdan daşary çäreleriň usulyýetini kämilleşdirmek arkaly dürli täsirli usullardan giňden peýdalanýarlar. Başlangyç synplarda çagalara berilýän bilim-terbiýe amaly usullaryň üsti bilen utgaşdyrylanda, ol islendik temanyň çagalaryň aňyna çuňňur ornaşmagyna, ýatda galyjylygyna örän oňyn täsir edýär.