Okuw sapaklarynda nusgawy edebiýatymyzdan peýdalanmak

6 Fewral 2024
688

Merdana halkymyzyň gadymy döwürlerden bäri nesilden-nesle geçip, biziň häzirki ajaýyp döwrümize gelip ýeten milli mirasy, baý nusgawy edebiýaty, çeper döredijilik ýörelgeleri bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde baý nusgawy edebiýatymyz, onuň many-mazmuny ylmy esasda içgin we giňişleýin öwrenilýär. Çünki milli mirasymyzy, medeniýetimizi we sungatymyzy, şonuň bilen bir hatarda baý nusgawy edebiýatymyzy giňden wagyz etmek, ony dünýä ýaýmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Biz okuw sapaklarymyzda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň döredijiligine ýygy-ýygydan, yzygiderli ýüzlenip durýarys. Sebäbi, türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiligi mekdep okuwçylaryny milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Galyberse-de, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň many-mazmuna baý bolan ajaýyp goşgulary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Şonuň netijesinde hem, şahyryň goşgularyny okuw sapaklarynda peýdalananymyzda, mekdep okuwçylary uly höwes bilen diňleýärler. Häzirki ajaýyp döwrümizde beýik akyldar şahyrymyzyň goşgularyny edebiýatçylar, dilçiler, galyberse-de, dünýä alymlary hem ylmy esasda öwrenýärler.

Gyzylgül ÖWLIÝAKULOWA,
Hojambaz etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy.