Dil – dostluk köprüsi

5 Fewral 2024
269

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylym-bilimli bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ylym-bilimi ösdürmekde, kämil hünärmenleri ýetişdirmekde ähli mümkinçilikleri döredýär. Esasan hem ýaşlaryň ene dilimizi çuňňur bilmekleri, daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem dil öwrenmek boýunça dürli ugurlardan tejribe toplanylýar. Şeýlelikde, şu günki ýaşlarymyz daşary ýurt dillerini suwara bilýärler, kämil hünärmenler bolup ýetişýärler.

Häzirki zaman adamzat jemgyýetiniň ösüşinde dilleri öwretmegiň we özleşdirmegiň örän uly ähmiýeti bar. Daşary ýurtlaryň ösen tejribesini öwrenmekde, seljermekde, iň ygtybarlysyny durmuşa ornaşdyrmakda dil öwrenmäge uly orun degişlidir. “Dil bilen dünýäni gezer” diýen parasatly pikire uýan dana pederlerimiz diňe bir öz ene dilimizi däl, eýsem, beýleki dilleri öwrenmegiň hem möhümdigini nesillere öwüt edipdirler, çünki beýleki halklar bilen syýasy, ykdysady, medeni-sosial gatnaşyklary ösdürmekde we kämilleşdirmekde diliň örän uly ähmiýeti bardyr.

Täjinar KURBANOWA
Çärjew etrabynyň 15-nji orta mekdebiniň rus dili mugallymy