Döwrebap özgertmeler

6 Fewral 2024
595

Ýurdumyzyň ösüşinde ylym-bilim ulgamyna möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda giň möçberli özgertmeler amala aşyrylýar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň esasynda düýpli özgerdilýär. Bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek maksady bilen, iri ylmy-barlag taslamalary durmuşa geçirilýär. Esasan hem, bilim öwretmekde, sapaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Şunda döwrebap bilimleriň, pedagogikanyň hem ösdürilýändigini bellemegimiz gerek. Munuň özi bilim ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmakda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam edýär.

Ogulbahar OMAROWA,
Ahal welaýat Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň direktory.