Sanly ulgam boýunça hünärmen bolasym gelýär

5 Fewral 2024
519

Topragy nurdan bolan berkarar Watanymyzda ýaşlara, ösüp gelýän ýaş nesillere giň ýol açylýar. Şöhratly taryhymyzdan möhüm orun alan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy hem muňa aýdyň mysaldyr. Geçen ýyl ýaşlaryň, şol sanda mekdep okuwçylarynyň durmuşynda üstünlikli, ýatdan çykmajak ýyllaryň biri boldy. Şunuň bilen baglylykda, maňa hem döwlet we halkara derejelerindäki olimpiadalara gatnaşmak bagty nesip etdi.

2023-nji ýylyň mart aýynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde informatika dersinden döwlet derejesinde II orna, Polşa döwletinde geçirilen internet olimpiadasynda matematika dersinden II orna, şeýle-de iýul aýynda Russiýa Federasiýasynda mekdep okuwçylarynyň arasynda onlaýn görnüşinde geçirilen halkara olimpiadada informatika dersinden III orna we bürünç medala mynasyp boldum. Gazanýan üstünliklerimiziň sakasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň biz — ýaş nesiller üçin döredýän bimöçber mümkinçilikleri bar.

Serdar HUDAÝKULYÝEW,
Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň okuwçysy.