Milli mirasa sarpa

4 Fewral 2024
635

Türkmen edebiýatynyň milli ýörelgeleri ýaş nesilleri terbiýelemekde nusgalyk mekdepdir. Ajaýyp eserler ruhy hazyna bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlara akyldaryň döredijiligini öwretmek, giňden wagyz etmek baş maksadymyzdyr.

Halkymyzyň şöhratly taryhynda asylly ýörelgeleri, ruhy gymmatlyklary çuňňur öwrenmek we dünýä ýaýmak möhümdir. Nusgawy edebiýatyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň eserleri bu ajaýyp gymmatlyga degişlidir. Şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan goşgulary diliniň çeperçiligi babatda kämillik mekdebidir. Munuň özi paýhasly sözleriň halk arasynda aýdyma, ýörgünli sözlere öwrülendigini aňladýar.

Patma KERIMOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.