Bilimli ýaşlar kuwwatly Watanyň daýanjydyr

5 Fewral 2024
912

Ýurdumyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. Muny bagtyýar çagalaryň terbiýelenmegi, okamagy, dynç almagy üçin döredilýän şertler, berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, ulgamy sanlylaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan tutumly işler hem subut edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty olaryň ählitaraplaýyn ösüşi bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň ýaly-da kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Ylym beýik ösüşlerimiziň hem üstünliklerimiziň berk binýady bolup durýar. Ýurdumyzda badalga berlen düýpli özgertmeleriň ylmy esaslandyrmalara daýanmagy geljekki ösüşleri şertlendirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belläp geçişi ýaly, “Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir”.

Kemalgylyç TAGANGYLYJOW,
Balkanabat şäherindäki 5-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy.